Düýn – 16-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bilen Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda aýdym-sazly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Oňa halypa diplomatlar, daşary syýasat edarasynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplar gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda tejribeli diplomatlar çykyş edip, ilçiniň özüni alyp barşy, salyhatlylygy, sowady, halkara maslahatlarda, iri forumlarda ýerine ýetirilmeli kadalar bilen bagly gyzykly maglumatlary geljekki halkaraçy hünärmenlere ýetirdiler.
Soňra çäräni guraýjylar tarapyndan halypa diplomatlara sowgat gowşuryldy. Onuň yzysüre bolsa institutyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde doganlyk halklaryň ajaýyp aýdym-sazlaryna giň orun berildi. Şeýle hem 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy we Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli yglan edilen «Bedew batly döwrüň bagtly ýaşlary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.
Eminleriň gelen netijelerine görä, 1-nji orna Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, 2-nji orna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, 3-nji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, höweslendiriji orunlara Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty mynasyp boldy.
«THE ASHGABAT TIMES».