Dark
Light
10.03.2026
diplomat 26 THE ASHGABAT TIMES

Diplomatiýa – halklary birleşdirýän köpri

20.02.2026

Döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyň üstüne örän jogapkärli wezipeler düşýär. Şoňa görä-de, her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň gününiň giňden bellenilip geçilmegi türkmen diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine döwlet derejesinde goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabaralar aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmen diplomatlarynyň hünär baýramçylygy — bu biziň ýurdumyz tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň, onuň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de ösdürmäge ymtylyşynyň nyşany bolup durýar. Şu jähetden, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary» atly maslahat esasy baýramçylyk dabaralarynyň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli diplomatik gullugyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplar gatnaşdylar. Ilki bilen, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda hereket edýän diplomatik wekilhanalar we halkara guramalar tarapyndan guralan sergini synladylar.

Maslahatyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli iberen Gutlagy okaldy. Maslahatda baýramçylyk çykyşlaryna giň orun berildi. Hususan-da, maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, Ermenistan Respublikasynyň hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýaş işgärlerini, şeýle-de institutyň gutardyş ýyl talyplaryny Daşary işler ministrliginiň diplomy bilen sylaglamak dabarasy boldy. Şeýle hem institutyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde baýramçylyk konserti geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Gülkamar SAPAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

qylvnr4xceyiggap4lxflzdgwfnk3s 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag boýunça komitetiniň 88-nji mejlisine gatnaşýar

seydi institut THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýokary okuw mekdebiniň gurluşygy dowam edýär

Soňkylar Makalalar

Kitap – zenan kalbynyň nury

07.03.2026
Halkara zenanlar gününe gabatlanyp, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 58-nji orta mekdepde kitaphanaçylaryň arasynda gyzykly bäsleşik geçirildi. Etrap häkimliginiň tassyknamasyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň 6-njy martynda

Zenan – mukaddes ojagyň goragçysy

07.03.2026
Halkymyzda zenan maşgala uly sarpa goýulýar. Çünki zenan — mukaddes ojagyň goragçysy. Onuň yhlasy, wepalylygy bilen abadan ýaşaýyş dowamat-dowam bolýar. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň

Zenan diýmek dünýedir

06.03.2026
Şu günlerde ýurdumyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli ajaýyp dabaralar, sergiler, baýramçylyk konsertleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Olarda täze taryhy döwrümiziň döredijilik ruhy öz aýdyň beýanyny

Zenan sarpasynyň nusgasy

06.03.2026
Bosagada – Halkara zenanlar güni. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk dabaralarynyň, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Ene hüwdüsi — iň kämil eser»
GitTop