Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni diňe bir senenamadaky hünär baýramy däl-de, eýsem, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki parahatçylyk söýüjilikli ýolunyň, milli bähbitleriniň we belent abraýynyň dabaralanýan günüdir. Her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýän bu sene Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan dostlukly gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýete eýedigini ýene bir gezek subut edýär.
Türkmen diplomatiýasynyň binýadynda halkymyzyň köpasyrlyk parasatlylygy, sabyrlylygy we myhmansöýerligi ýatyr. Häzirki zaman dünýä syýasatynda Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny öňe sürmek bilen, dünýäniň ähli künjekleri bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Bu strategik ýoluň amala aşyrylmagynda bolsa diplomatlaryň hyzmaty diýseň uludyr. Olar döwletimiziň halkara meýdançasyndaky «sesi» we «keşbi» bolup çykyş edýärler. Türkmen diplomatlary diňe bir resmi duşuşyklarda ýurdumyzyň bähbitlerini goraman, eýsem, halkara parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm başlangyçlaryň — energetika howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy we ekologiýa diplomatiýasy ýaly uly taslamalaryň dünýä jemgyýetçiligine ýetirilmeginde hem esasy wezipäni ýerine ýetirýärler.
Şu günki günde türkmen diplomaty diňe bir diplomatik etiketi bilmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäde bolup geçýän çylşyrymly syýasy-ykdysady hadysalary seljermegi başaran, öz halkynyň medeni mirasyna wepaly, häzirki zaman tehnologiýalaryna erk edip bilýän täze nesliň wekilidir. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda taýýarlanýan ýaş hünärmenler bu asylly käriň dowamatyny täze belentliklere göterýärler.
Diplomatlaryň hünär baýramy mynasybetli geçirilýän çäreler, maslahatlar we dabaralar ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji merkezi hökmündäki ornuny has-da berkidýär. Bu baýram — «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen şygary özüne ýörelge edinen türkmen döwletiniň ähli halkara hyzmatdaşlaryna bolan ynamynyň we hormatynyň beýanydyr.
Halbibi SATLYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.