Dark
Light
05.10.2026
diplomatiya THE ASHGABAT TIMES

Diplomatiýa – parahatçylygyň guraly

16.02.2026

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 18-nji fewraly Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni hökmünde ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýär. Milli senenamamyzdan görnükli orun alan bu şanly sene türkmen diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine döwlet derejesinde goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Türkmen diplomatiýasynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, sebit hem-de halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmek we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary dünýä derejesinde uly ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýä arenasynda parahatçylygyň, durnuklylygyň we dostlukly gatnaşyklaryň hakyky nusgasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli ösdürýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasy bu gün halkara giňişlikde belent dabaralanýar. Türkmen diplomatiýasynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, sebit hem-de halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmek we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary dünýä derejesinde uly ähmiýete eýedir. Döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyň üstüne örän jogapkärli wezipeler düşýär.

Hormatly Prezidentimiz milli bähbitlerimizi goramakda we dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde anyk wezipeleri kesgitlemek bilen, diplomatik gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we diplomatlaryň hünär derejesini kämilleşdirmegi hemişe üns merkezinde saklaýar. Ýurdumyzyň bu ugurdaky uly ýeňişleriniň we belent sepgitleriniň binýadynda bolsa, diplomatik işgärleriň täze neslini kemala getirýän Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty aýratyn orun eýeleýär. Bu ýokary okuw mekdebinde diňe bir nazary bilimler berilmän, eýsem, zamananyň innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, dünýä ösüşleri bilen aýakdaş gidýän täze nesliň wekilleri taýýarlanýar. Olaryň her biri geljekde milli diplomatik gullugymyzyň binýadyny berkidip, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da dabaralandyrmaga ugrukdyrylýar.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň açyklygy, ygtybarly döwlet hökmünde giň möçberli hyzmatdaşlyga taýýarlygy hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak ugrundaky işjeňligi halkara durmuşynda türkmen diplomatiýasynyň ykrar edilmegine itergi berýär. Ösüş arkaly parahatçylyga hyzmat edýän bu wezipeler, ilkinji nobatda, baky Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri bilen sazlaşýar. Türkmen diplomatiýasyny ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Aýna SÄTGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kitap oka bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kitap oka, dünýäni aç!

bitarap baydaklar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Diplomatiýa – özara ynanyşmagy berkitmegiň sungaty

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop