Dark
Light
08.03.2026
disney head josh damarony THE ASHGABAT TIMES

“Disney” kompaniýasyna Joş D’Amaro täze ýolbaşçy bolar

13.02.2026

“Walt Disney Co.” kompaniýasynyň direktorlar geňeşi, häzirki wagtda dynç alyş seýilgähler bölümini dolandyrýan Joş D’Amarony kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellemek ugrunda ses berdi. Kompaniýanyň metbugat beýanatynda aýdylyşy ýaly, 54 ýaşly D’Amaro 18-nji martda, “Disney”-iň paýdarlarynyň her ýylky ýygnagy geçiriljek güni bu wezipä resmi taýdan bellener we şol ýygnakdan soňra haýal etmän direktorlar geňeşiniň düzümine goşular.

Täze ýolbaşçy iki ýyllyk arakesmeden soň 2022-nji ýylyň ahyrynda baş ýerine ýetiriji direktory wezipesine dolanyp gelen 74 ýaşly Bob Aýgeriň ornuny tutar. Mundan ozal kompaniýa 2005-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli ýolbaşçylyk eden Aýger, aslynda diňe iki ýyllyk möhlet bilen dolanmagy meýilleşdiripdi, emma onuň ornuny tutjak täze ýolbaşçyny gözlemek işi garaşylandan uzaga çekdi. Bob Aýger 2026-njy ýylyň 31-nji dekabrynda doly pensiýa çykýança “Disney”-iň direktorlar geňeşiniň agzasy bolup galmagyny dowam eder.

28 ýyl bäri “Disney” ulgamynda işläp gelýän Joş D’Amaro, häzirki wagtda kompaniýanyň seýilgähler, myhmanhanalar we kruiz gämileri ýaly iň uly we girdejili ugruna ýolbaşçylyk edýär. Onuň dolandyran bu bölümi 2025-nji maliýe ýylynyň netijelerine görä kompaniýa 36 milliard dollar möçberinde uly girdeji getirdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

britney spears 2019 bei einer THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Britni Spirs özüniň ähli aýdym-saz katalogyny 200 million dollara satdy

1770989264350 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Daşkentde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre we Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Soňkylar Dünýä habarlary

«Toyota» kompaniýasynyň awtoulag satuwy ýokarlandy

03.03.2026
«Bloomberg» neşiriniň ýazmagyna görä, ýanwar aýynda «Toyota» kompaniýasynyň awtoulag satuwy ýokarlandy. Hasabat döwründe kompaniýanyň esasy brendleri bolan «Toyota» we «Lexusyň» satuwy ABŞ-da 8,1 göterim,
GitTop