Dark
Light
09.08.2026
ykdysady maksatnama THE ASHGABAT TIMES

Durnukly ösüşiň we abadançylygyň binýady

25.02.2026

Ministrler Kabinetiniň 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde geçen ýylda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet ähmiýetli çözgütler kabul edildi. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamak boýunça Karara gol çekmegi eziz Diýarymyzda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek babatda ýadawsyz tagallalaryň edilýändigini görkezýär.

Täze maksatnama «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň sebitleriniň durnukly ösüşini üpjün etmegi, senagat-innowasion ösüş derejesini ýokarlandyrmagy, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy dowam etdirmegi, maýa goýumlaryň işjeňligini artdyrmagy, işewürlik gurşawyny ösdürmegi hem-de hususy pudagyň ugurlaryny we gerimini giňeltmegi, täze iş orunlaryny döretmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy nazarlaýar.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterim derejesinde saklamak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmek, täze kärhanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi bilen ýurt boýunça 5 müň 300-e golaý täze iş orunlaryny döretmek maksat edinilýär. Diňe halkymyzyň bähbidine, Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň barha belende galmagyna gönükdirilen bu asylly maksatlara ýetmekde, döwletli başlangyçlary amala aşyrmakda hususy pudagyň orny örän uludyr.

Bir söz bilen aýdanyňda, «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlaryň has-da dabaralanýandygyny alamatlandyryp, onuň esasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda amala aşyryljak giň gerimli özgertmeler, tutumly başlangyçlar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan täze basgançaga göterer.

Adalat ŞAMURZAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kompoz THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen kinosynyň halkara üstünligi

mekdep baslangyc THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Başlangyç synplarda bilim-terbiýäni ösdürmegiň usulyýet esaslary

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop