Dark
Light
15.09.2026
ekologiya 25 THE ASHGABAT TIMES

Ekologik howpsuzlyk we tokaýlaryň goragy

20.02.2026

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ekologik howpsuzlygy üpjün etmek meselesi ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň hukuk esaslary bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň ömri we saglygy üçin amatly daşky gurşawa bolan hukugy kepillendirilip, tebigaty goramak we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmek döwlet ähmiýetli mukaddes borç hökmünde bellenilýär.

Ýurdumyzyň ekologik howpsuzlygyň hukuk binýady «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologik howpsuzlyk hakynda» we «Ekologik audit hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna esaslanyp, olar daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almaga, tebigy serişdeleri netijeli ulanmaga we biologik köpdürlüligi saklamaga gönükdirilendir.

Bu hukuk binýadynyň çäginde tokaý baýlyklarynyň goragy aýratyn orun tutýar, sebäbi tokaýlar ýurdumyzyň ekoulgamynyň durnuklylygyny saklaýan we howanyň arassalygyny üpjün edýän esasy guraldyr. Türkmenistanyň Tokaý kodeksi bu ugurdaky gatnaşyklary düzgünleşdirip, tokaýlary diňe bir peýdalanmagyň däl, eýsem, olary ýangynlardan we beýleki ýaramaz täsirlerden goramagyň hem hukuk kadalaryny anyk kesgitleýär. Tokaý ýangynlarynyň öňüni almak ekologik howpsuzlygyň aýrylmaz bölegi bolup, ol tokaý hojalyklarynyň çäginde ýangyna garşy ýörite zolaklaryň döredilmeginden, maglumat-monitoring ulgamynyň yzygiderli alnyp barylmagyndan we ýangyn howpsuzlygy düzgünleriniň berk berjaý edilmeginden ybaratdyr.

Kanunçylyga laýyklykda, tokaý ýangynlaryna sebäp bolup biljek islendik bikanun hereketler üçin berk jogapkärçilikler bellenilip, bu çäreler ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genofonduny saklamaga ýardam edýär. Döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän Milli tokaý maksatnamasy bolsa ekologik hukuk kadalarynyň iş ýüzündäki beýany bolup, täze döredilýän ýaşyl zolaklar tokaý ýangynlaryna garşy durnuklylygy artdyrmaga we umumy ekologik abadançylygy berkitmäge hyzmat edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ekologik kanunçylygy tokaýlary ýangyndan goramak arkaly daşky gurşawyň bitewüligini saklamagyň berk hukuk mehanizmini emele getirýär.

Gurtgeldi AMANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň ýangyn-tehniki fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

seydi institut THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýokary okuw mekdebiniň gurluşygy dowam edýär

yaslar taz kollaz 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaşlar – röwşen geljegiň binýady

Soňkylar Makalalar

Mukaddes buýsanjymyz, beýik geljegimiz

14.09.2026
2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýyl eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly

«Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur»

14.09.2026
Türkmenistan 35 ýyl mundan ozal özüniň Garaşsyzlygyny yglan edip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny saýlap aldy. Ýurdumyz şol taryhy wakadan soňra özygtyýarly hem-de

Garaşsyzlyk – nesilleriň we ösüşiň ak ýoly

14.09.2026
Hormatly Prezidentimiz: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr» diýip nygtaýar. Bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýady bolan Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra ýurdumyzyň ösüşleri nusgalyk
GitTop