Dark
Light
09.08.2026
emeli an THE ASHGABAT TIMES

Emeli aň – žurnalistiň kömekçisi

27.02.2026

Žurnalistika häzirki maglumat asyrynda internetiň, dürli onlaýn platformalaryň, programmalaryň kämilleşmegi bilen has-da özgerdi. Indi islendik adam dünýäniň islendik ýerinde, islendik habary, maglumaty görüp, okap, öwrenip bilýär. Edil şonuň ýaly, žurnalistler üçin hem bolup duran wakany, täzeligi gyzgyny bilen jemgyýete ýetirmäge giň mümkinçilik döredildi. Şeýle uly mümkinçiliklerden aňyrda ýene nähili ýeňillik bolup biler? Nanotehnologiýalaryň süýnýän ýyldyz çaltlygynda kämilleşýän döwründe, elbetde, alymlar «emeli aň» diýen ullakan mümkinçiligi döredip, durmuşymyzy düýpgöter özgertdiler.

Häzirki zaman media dünýäsinde maglumatlaryň akymy örän çaltlandy. Žurnalist diňe bir maglumatlary ýygnamak, toplamak, derňew etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony gysga wagtyň içinde işläp, gyzgyny bilen okyja ýetirmeli bolýar. Bu işde emeli aň olaryň iň ýakyn kömekçisine öwrüldi. Jemgyýetiň sagatsaýyn kämilleşip, ösüp barýan döwründe emeli aň durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşyp, žurnalistikada hem täze özgertmeleri girizmäge giň mümkinçilik berýär. Emeli aň žurnalistiň işini ýeňilleşdirýär, birnäçe işi bir wagtda ýerine ýetirýär. Ol uly göwrümli maglumatlary derňäp, intellektual algoritmleri ulanmak arkaly gysga göwrümli habarlary ýazyp bermäge ukyplydyr. Dünýä habarlaryny, täzeliklerini tiz wagtda terjime etmekde, maliýe hasabatlary taýýarlamakda emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bolýar.

Häzirki wagtda düýbünde emeli aň oturdylan programmalaryň dürli görnüşi bar. Olaryň ählisi hem uly göwrümli işleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Žurnalistikada, esasan, ChatGPT, Google Gemini, Otter.ai, Descript, Trint, Midjourney, Dall-E3, Canva, Perplexity AI, HeyGen/Synthesia, Runway ýaly emeli aň programmalaryndan peýdalanmak bolýar. Bu programmalaryň käbiri islendik tekstli buýurma görä makala taýýarlamaga, pikir tapmaga, gysga mazmun taýýarlamaga, uzyn tekstleri derňemäge, redaktirlemäge ýardam edýär.

Emeli aňyň kämilleşmegi «Robot žurnalistiň ornuny tutup bilermi? Has dogrusy, žurnalistiň işini elinden alarmy?» diýen ýaly soraglary döretdi. Şeýle soraglar diňe bir žurnalistikada däl, eýsem, dürli kärde işleýänleriň arasynda-da döräp biler. Muňa bolsa emeli aňy döredijiler aýdyňlyk bilen şeýle düşündiriş berýärler: «Emeli aň diňe bir kömekçi guraldyr. Duýgy, döredijilik we dogry derňew hemişe-de adamyň — žurnalistiň hut öz elindedir».

Gülüstan JOMARTOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gyz edep terbiye THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Milli we edebi ýörelgeler

1200x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýewropanyň iň uzak wagt bäri hyzmat edýän premýer-ministri basyş astynda

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop