Dark
Light
18.07.2026
1765315764659 THE ASHGABAT TIMES

«Galkynyş» ­- döwrümiziň ganaty

28.02.2026

Dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan paýhasly pederlerimiziň yhlasyndan dörän ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Şu jähetden, ýakynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bagtyýar halkymyz üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy.

Türkmen ýigit-gyzlarynyň baş öwredilen ajaýyp atlary bilen özara düşünişmeginiň netijesinde, dünýäniň iň bir talapkär tomaşaçylarynyň söýgüsini gazanmagy başaran «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary halkara derejesinde iň gowy atçylyk-akrobatika toparlaryň biri hasaplanylýar. Bu topar 2007-nji ýylda döredilip, eýýäm 2013-nji ýylyň oktýabrynda Moskwada geçirilen sirk sungatynyň Bütindünýä festiwalyna gatnaşyp, festiwalyň ýörite eminleriniň baş baýragyna — «Altyn idol» kubogyna eýe boldy. Dünýäde iň gowy atçylyk sport topary hasaplanylýan topar dürli ýyllarda Werona şäheriniň (Italiýa) Sirk sungaty merkezinden ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin ýörite baýraga we Diploma,  Halkara žurnalistler eminlerinden «Bürünç manež» kubogyna we Hytaýyň Guandun welaýatynyň Çžuhaý şäherinde geçirilen sirk sungatynyň II halkara festiwalynyň baş baýragyna — Gran-pri Altyn kuboga, Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen «Fontankada» atly I Halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» baýragyna mynasyp boldy.

Halkara derejeli festiwallara, bäsleşiklere gatnaşyp, olardan üstünlikli dolanmak, eziz Watanynyň dünýä ýüzündäki abraýyna ujypsyzja bolsa-da goşandyny goşmak her bir ynsanyň beýik arzuwydyr. Bu babatda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny bagtly hasaplamak bolar. Özüniň taryhynda birnäçe döwletlerde görkezme çykyşlaryny gurnan topar ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda-da dünýäniň çar künjeginden gelen myhmanlaryň el çarpyşmalaryna, sagbolsunlaryna mynasyp bolýar.

Elbetde, türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde bedew at aýratyn orna eýedir. Ol milli baýlygyň, ösüş tizliginiň hem-de döwletimiziň okgunly öňe gitmeginiň nyşanydyr. Häzirki döwürde bedew batly ösüşler ýurdumyzyň ähli ugurlarynda aýdyň görünýär. Şunda şanly ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň goşa mukaddeslik hökmünde şöhlelenmegi çuňňur mazmuna eýedir.

Güljahan BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

oraza bayram THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gymmatlyklara baý Remezan

azer mid THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Soňkylar Makalalar

Ekologiýa we daşky gurşawyň abadançylygy

17.07.2026
Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran iň möhüm meseleleriň biri hem ekologiýa abadançylygydyr. Ykdysady ösüşleriň, şäherleşmegiň we tehnologiýalaryň çalt depginde ösmegi tebigata edýän täsirini hem güýçlendirýär.

Jana şypaly tebigat

17.07.2026
Biziň ýaşaýan we bizi gurşap alýan goja Zemin özüniň ajaýyp tebigaty, reňbe-reň pasyllary, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen gözeldir. Halk arasynda tebigata we durnukly

Suw – ýaşaýşyň gözbaşy

17.07.2026
Suw Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň we adamyň ýaşamagy üçin iň esasy zatdyr. Ol ýaşaýşyň gözbaşy hem-de bütin adamzat taryhynyň, medeniýetleriniň we siwilizasiýalaryň kemala

Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, bilimler çeşmesidir

17.07.2026
Ylym-bilim ojagynyň esasy binýady kitaphanalarda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin zerur şertleriň
GitTop