Dark
Light
12.08.2026
galkyn taze THE ASHGABAT TIMES

«Galkynyş» ­- döwrümiziň ganaty

19.02.2026

Mälim bolşy ýaly, 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasyny tassyklap, onda bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak babatda tabşyryklary berdi. Şol çäreleriň çäginde Daşoguz welaýatynda hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejede gazanan ýeňişlerine bagyşlanan dabaralar geçirildi.

Daşoguz şäherindäki dabaraly çäreler şäheriň Görogly meýdançasyndan badalga aldy. Bu ýerde welaýatyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň sahnalaşdyrylan çykyşlary görkezildi. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň oglan-gyzlary welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bolup, taryhyň dürli döwürlerine şaýatlyk edýän milli gymmatlyklarymyz bilen tanyşdylar.

Ady dünýä dolan toparyň Daşoguz şäheriniň belent başly binalarynyň uzyn hataryny aralap geçen atly ýörişi toý görnüşlerine beslendi. “Türkmeniň ak öýi” binasy bu dabaralaryň giň gerimde ýaýbaňlandyrylan ýerine öwrüldi. Dabaranyň dowamynda edilen çykyşlarda ahalteke bedewleriniň halkymyzyň milli buýsanjydygy, mertligiň, gözelligiň we wepalylygyň nyşanydygy bellenildi. Şu ýylyň başynda geçirilen abraýly festiwalda meşhur toparymyza sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bolsa «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň adyna mynasyp şanly waka hökmünde ildeşlerimizde aýratyn buýsanç duýgusyny döretdi.

Soňra “Türkmeniň ak öýi” binasynyň giň sahnasynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ajaýyp bedewleriň gözelligi, çeýeligi, çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitlerdir gyzlaryň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Ýokary ruhubelentlige beslenen at üstündäki täsin oýunlardan, aýdym-sazly çykyşlardan soňra, “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralara niýetlenen desgada agzaçar sadakasy berildi.

Aýnabat АTDEKOWA,
Daşoguz şäheriniň 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

oraza hyzmaty THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TMCELL «Oraza» hyzmatyny işe girizdi

bedew yyly THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bedew bady bilen beýik ösüşlere!

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop