Dark
Light
06.03.2026
oraza bayram THE ASHGABAT TIMES

Gymmatlyklara baý Remezan

28.02.2026

Halkymyzyň kalbyny ýagşy arzuw-umytlara we päklige besleýän mukaddes Remezan aýy dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda agzybir halkymyz tämiz niýetleriň, sogaplaryň, rysgal-berekediň nyşany bolup gelen bu mukaddes aýy uly ruhubelentlik bilen garşy aldy. Halkymyzy jebisleşdirmekde, agzybirligi we halallygy ýörelge edinen jemgyýetimizi kämilleşdirmekde tutuş yslam dünýäsinde aýratyn gadyr-gymmat bilen garşylanylýan Remezan aýynyň ähmiýeti örän uludyr.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýip, bu mukaddes aýyň tarypyny ýetirýär. Remezan aýynyň ilki bellemeli artykmaçlygy onda musulmanlaryň mukaddes kitabynyň, ynsanlara ýol görkeziji keramatly Gurhanyň aýatlarynyň inderilip başlanmagydyr. Bu aýyň ady halkyň aňynda oraza bilen hem berk baglanyşykly. «Oraza» sözi iki manyda ulanylýar. Birinjisi, agyz beklemek dessury. Yzyna «aý» sözi goşulanda bolsa, ol oraza parzynyň berjaý edilýän Remezan aýyny aňladýar. VII asyrdan bäri berjaý edilip gelinýän, bedeniň zekady hasaplanýan oraza Remezan aýynyň gymmatyny artdyrýar.

Mukaddes Remezan aýynda musulmanlar agyz bekläp, tarawa namazlaryny okaýarlar. Bu aý agzybirligiň, jebisligiň, parahatçylygyň, ata-enä we uly-kiçä bolan sarpanyň we ynsanperwerligiň dabaralanýan döwrüdir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Oraza aýy ynsanperwerligiň, haýyr-sahawatyň, geçirimliligiň, birek-birege kömek etmegiň, adamkärçiligiň, agzybirligiň, sylag-hormatyň, ýaramaz häsiýetlerden uzaklaşyp, peýdaly endikleri gazanmagyň aýydyr» diýip, bu aýyň ähmiýetini diýseň jaýdar belleýär.

Remezan aýynda agyz beklemek yslamyň esasy bäş parzynyň biridir. Oraza tutmak ynsany ybadata ugrukdyrýar, şepagatly bolmaga ündeýär hem-de nebsiňi jylawlamaga, ýaramaz endiklerden saklanmaga ýardam edýär. Bu mukaddes aýda sadaka paýlamagyň, mal-mülküňden zekat bermegiň, belli bir sebäplere görä agyz bekläp bilmeseň-de, oraza tutýanlara agyz açdyrmagyň hem-de selälige turýanlara tagam taýýarlap bermegiň sogaby örän uludyr. Pygamberimiz öz hadyslarynyň birinde: «Oraza tutuň, bedeniňiz berk we sagdyn bolsun!» diýip belleýär. Hakykatdan hem, oraza kalbyň, bedeniň we nebsiň tämizleýji tebibidir.

Jennet MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

das1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Beýik Britaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

1765315764659 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Galkynyş» ­- döwrümiziň ganaty

Soňkylar Makalalar

Hem mähriban, gahryman zenanlar

05.03.2026
Bahar paslynyň gelmegi bilen, daş-töweregimiz al-elwan güllere beslendi. Ýaz güllerinden ilki boglan çemenler bolsa bahar ýaly mylaýym hem mähriban enelerimize, görkana gyz-gelinlere sowgat berilýär.

Nakgaşçylykda sähra gözelligi

04.03.2026
Türkmen sährasynyň gözelligi ynsanlary ruhlandyrýar, ömürlerini uzaldýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda sähralarymyz has-da gözel görnüşe eýe bolýar. Tebigatyň

Zenan – mähir dünýäsi

04.03.2026
Zenanlary mertebelemek, olara durmuşda ähli ýeňillikleri döretmek halkymyzyň arkama-arka dowam edip gelýän asylly däpleriniň biridir. Maşgala ojaklarynyň daýanjy, öýlerimiziň ýaraşygy bolan zenanlaryň abadan durmuşda

Ene mukaddesdir

04.03.2026
Dünýäde iň mähriban, iň nurana we iň eziz ynsan kim diýseler, hiç hili ikirjiňlenmän «Ene» diýip jogap bererdik. Eneleriň mähri — biziň kalbymyzyň şuglasy,

Kitaply çaga – ganatly çaga

03.03.2026
Dünýä ýüzünde adamlary biri-birine baglaýan, pikirlerini baýlaşdyrýan, olaryň akyl derejesini ösdürýän iň gymmatly serişdeleriň biri hem kitapdyr. Kitap adamzadyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan tejribesiniň, ylmyň,
GitTop