Dark
Light
09.08.2026
halk maslahat THE ASHGABAT TIMES

Halka daýanyp, halkyň bähbidine

26.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze, döwrebap şäherçeler, obalar döreýär, innowasion enjamlary özünde jemleýän häzirki zaman iri senagat kärhanalary gurulýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň güwäsi bolan taryhy ähmiýetli işler sebitleriň hem barha özgermegine oňyn täsir etmek bilen, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrýar. Şeýle bolansoň, bu gün ildeşlerimiziň her biriniň ýüregi ajaýyp döwrümize buýsançdan, ylhamly kalby joşgundan doly.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem uly ösüş-özgerişliklere beslenýär. Şanly ýylyň ilkinji aýlaryndaky taryhy ähmiýetli wakalar, şatlykly habarlar, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda gazanylýan zähmet üstünlikleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy giňden baýram ediljek ýylyň şöhrata beslenjekdiginiň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiz 13-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýyl öňde uly wezipeleriň durandygyny aýtdy.

«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary, 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralary, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralary gurlup ulanmaga berler. Şeýle-de ençeme desgalaryň we binalaryň gurluşygyna badalga bermek, täze binalardyr desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Gurluşygy tamamlanjak desgalaryň arasynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägindäki «Arçman» şypahanasynyň täze 400 orunlyk binalar toplumynyň bolmagy has-da guwandyrýar. Meşhur şypahananyň döwrebap binalar toplumynyň raýatlara hyzmat edip başlamagy bilen, bu ýerde mümkinçilikler artar, şertleriň gerimi giňär.

“Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş ýörelgeden ugur alyp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, şan-şöhratynyň arşa göterilmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynyň has-da rowaçlanmagyny arzuw edýäris.

Bäşim GURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kitaphana THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kitap okaýan dünýäni görer

e1hltypz1suvnuhcdulaqhxrcy1oyw 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri bilen duşuşyk geçirildi

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop