Dark
Light
13.09.2026
halypa sagirt ahun THE ASHGABAT TIMES

Halypa-şägirtlik ýoly – durmuş mekdebi

12.02.2026

Halypa äpet bir daragta, şägirt onuň miwesine meňzedilýär. Halkymyzda «miweli daragt» düşünjesi, ilkinji nobatda, şägirt ýetişdirip bilýän halypalar hakynda söz açylanda has köp ýatlanylýar. Sebäbi halypa-şägirtlik ýoly müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämiziň biridir. Her bir ynsan halypa görmezdenem, belli bir ýoly külterläp biler, emma halypalar has uzak menzillere ýetmäge güýç-gaýrat, ynam döredip bilýän ynsanlardyr. Uzak ýyllaryň dowamynda munuň netijeli ugurdygyna göz ýetiren pederlerimiz halypa-şägirtlik ýoluny ýörelge derejesine çykarypdyrlar.

Ata-babalarymyzyň ýörelge mekdebine uly hormat goýýan Alym Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa…” atly ajaýyp kitabynyň 4-nji baby hem “Halypa-şägirtlik däpleri” diýip atlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyz “Perzende söz edebini, hereket edebini, kalp edebini öwretmek, ilkinji nobatda, ene-atanyň borjy bolup durýar” diýip bellemek bilen, ene-atanyň ilkinji görelde we maşgala mekdebini kemala getirýändigini nygtaýar. Halkymyzyň arasynda: “Ussat – nagyşdyr, şägirt bolsa nagyş öwrenijidir”, “Ussat – agaçdyr, şägirt bolsa onuň kölegesidir. Egri ösen agajyň dogry kölegesi bolmaz” diýilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa döredijilikli çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň içinden halypa-şägirtlik mekdebi eriş-argaç bolup geçýär. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli, ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde halkymyzyň ruhy-ahlak ýoly bolan halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegiň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu babatda pederlerimiziň ýörelge mekdebiniň röwşen ertirleriň ösüş menzillerini nazarlaýandygy şübhesizdir.

Ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmekde nusgalyk işleri alyp barýan hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

Babanyýaz JORAÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň matematika mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

galkyn taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Belentden ýetirler tarypyň, bedew!

mekdep mugallym 26 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Başlangyç synplarda türkmen dili

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

Bedew bady bilen rowaçlygyň röwşen ýoluna!

11.09.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent maksatlar rowaçlanýar, her bir günümiz üstünliklere beslenýär. Şeýle ajaýyp ýylda belent maksatlary nazarlap

Bilim – adamzadyň iň uly baýlygy

11.09.2026
Häzirki döwürde islendik jemgyýetiň hem-de ýurduň ösüşiniň esasy şertleriniň biri bilimli, başarnykly we maksada okgunly nesli terbiýelemekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni
GitTop