Dark
Light
12.09.2026
himiya tejribe THE ASHGABAT TIMES

Himiýa – gyzykly ylym

06.02.2026

Mekdep durmuşynda her bir dersiň öz orny bar, ýöne himiýa — bu diňe bir elementleriň simwollary däl-de, eýsem, bizi gurşap alýan dünýäniň içki gurluşyny we syrlaryny öwredýän ylymdyr. Mugallym hökmünde meniň esasy maksadym, okuwçylara bu dersiň diňe bir çylşyrymly formulalar däl, eýsem durmuşyň özi hakyndadygyny görkezmekdir.

Himiýa dersi mekdepde nazary we amaly bilimleriň utgaşmasynda okadylýar. Häzirki zaman bilim ulgamynda biz diňe kitap bilen çäklenmän, eýsem, laboratoriýa işlerine, tejribeler arkaly madda we reaksiýalary göz bilen görmäge, şeýle hem sanly tehnologiýalara, maddalaryň molekulýar gurluşyny interaktiw tagtalarda we 3D modellerde öwrenmäge üns berýäris.

Himiýany öwrenmek okuwçyda diňe bir bilim däl, eýsem, birnäçe möhüm başarnyklary, aýratyn hem, logiki pikirlenme, ekologik medeniýet, hünär saýlamak ýaly başarnyklary kemala getirýär. Meselem,reaksiýalaryň deňlemelerini düzmek we hasaplamalar geçirmek okuwçynyň analitiki ukybyny ösdürýär. Tebigaty goramagyň, himiki serişdeleri dogry ulanmagyň we daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň esaslaryny öwredýär.

Türkmenistan — tebigy serişdelere baý döwlet. Şol sebäpli hem himiýa senagaty ykdysadyýetimiziň esasy ugry bolup hyzmat edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ulgamda uly ösüşler gazanylýar. Dökün önümçiliginde «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» ýaly iri zawodlar ýurdumyzyň oba hojalygyny kuwwatlandyrýar we önümlerini dünýä bazaryna çykarýar. Polimer senagatynda hem Gyýanlydaky polimer zawody nebit-gaz çig malyndan dünýä standartlaryna laýyk gelýän polietilen we polipropilen öndürýär. Ýangyç we himiýa babatda bolsa Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan ekologik taýdan arassa benzin öndürýän zawod dünýäde ýeke-täk tehnologiýalaryň biridir.

Görnüşi ýaly, himiýany öwrenmek — bu geljegi öwrenmekdir. Biz mekdepde ýaşlara döwrebap bilim bermek bilen, olary ýurdumyzyň senagat kuwwatyny has-da ýokary göterjek hünärmenler edip ýetişdirmegi maksat edinýäris. Her bir laborator barlagy, her bir öwrenilen element eziz Watanymyzyň ösüşlerine goşuljak goşantdyr.

Şarapat HATAMOWA,
Çärjew etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň himiýa mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

payhas cesmesi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Paýhaslar düwünçeginden

fur unsere sicherheit und unseren wohlstand brauchen wir neue strategische partner. wir bauen ab kopiya THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Germaniýanyň Kansleri Saud Arabystanyna sapar etdi

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni

Garaşsyzlyk nurun saçýar Watana!

10.09.2026
Altyn güýzüň taryhy wakalara, uly üstünliklere beslenýän her güni bizi beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barha ýakynlaşdyrýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi biziň merdana

Bilimliniň ýoly açyk

08.09.2026
Ajaýyp üstünliklere beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň bereketli altyn güýzüniň ilkinji gününde bellenip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar
GitTop