Dark
Light
13.10.2026
kitap gyz THE ASHGABAT TIMES

Kitap okamagyň edebinden söz açyp…

19.02.2026

Ynsan, okamak, kitap, edep… bular edil dünýä, howa, suw, ýaşaýyş ýaly biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Kitap ynsanyň iň ýakyn dostudyr. Şonuň üçinem kitaby diňe bir okamak ýa-da gowy görmek ýeterlik bolman, ony gowy saklamak, gözüň göreji ýaly seretmek gerek. Ähli zadyň öz edebiniň bolşy ýaly, kitap okamagyň hem özboluşly edebi bar.

Kitap okamak edebiniň birinji şerti köpçülikde kitaby sessiz okamakdyr. Kitap okalanda, onuň möhüm ýerlerine galam bilen bellik etmek peýdalydyr, emma daşyny garalamaly däl. Eger kitap özüňki däl bolsa, onda aýratyn kagyza bellik etmek has gowudyr.

Kitaby ýeke elde tutup, gaňyryp okamak kitabyň tiz dargamagyna getirer. Kitaby beýle okamak edepsizlik, kitaba bolan hormatsyzlyk hasaplanýar. Eger ýanyňyzdaky başga biriniň okaýan kitabynyň ady we temasy bilen gyzyksaňyz, ol tarapa boýnuňy sozup biljek bolmak edepsizlikdir, mylaýym söz bilen kitaby birnäçe minutlyk soramak has gelşiklidir.

Kitap okalýan wagty suwly miweleri iýmezlige çalyşmaly, şeýle edilende kitaba tegmil degip, onuň hapalanmagy mümkin. Eger kitap elimizde uzak wagt galjak bolsa, wagtlaýyn okamaga alan hem bolsak, onuň daşy gaplanmalydyr. Kitabyň daşky gözelliginiň hem uzak wagt saklanmagyny üpjün etmelidiris. Çünki kitabyň daşy onuň ilkinji özüne çekiji merkezidir.

Kitaby okap bolanyňdan soň, gysgarak hem bolsa, ol kitap hakdaky pikiriňi ýazmagy endik edinmeli. Kitaphanadan kitap alyp okanyňyzda, kitabyň içinde özüňiz tanap biljek şekilde kiçijek bir kagyz bölejigini galdyrsaňyz, birnäçe ýyldan soňra şol kitaby soranyňyzda ony tanap, özüňizi köne dostuňyza duşan ýaly duýup bilersiňiz.

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary hem ýaş nesle ata Watanyny, il-gününi, ata-enäni päk zähmeti söýmegi öwretmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly eserlerdir. Biz şeýle çuňňur many-mazmunly eserleri okap, öwrenip, eserlerde gelýän täsirli maglumatlary öz işlerimizde we wagyz-nesihat çärelerimizde giňden wagyz edýäris. Kitaplar hakyky edep-terbiýe mekdebidir.

Rahatjan JUMABAÝEWA,
Dänew etrabynyň Seýdi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

oraza hyzmaty THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TMCELL «Oraza» hyzmatyny işe girizdi

galkyn taze THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Galkynyş» ­- döwrümiziň ganaty

Soňkylar Makalalar

Zenanlaryň başlangyçlary – umumadamzat bähbidi

12.10.2026
Zenanlar baradaky alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, şeýle hem halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň

Suw ýollary – durnukly ösüşiň bähbidine

12.10.2026
Häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde suw ýollarynyň utgaşykly ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Şunda Awazada Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHEHG) döwletara utgaşdyryjy

Demografik ösüş – döwrüň meselesi

12.10.2026
Ählumumy özgertmeler döwründe demografik prosesler döwletleriň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolup çykyş edýär. Şoňa görä-de, ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Demografik

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ýoly bilen

12.10.2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 7 — 9-njy oktýabry aralygynda guralan, köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen halkara derejeli möhüm çäreler wajyplygy we netijeliligi bilen

Köňüllere ganat bitiren şygyr

12.10.2026
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň buýsanjy» atly ajaýyp şygrynyň halkymyza ýetirilmeginde ägirt uly many bar. Şygyr ýöne ýere döremeýär.
GitTop