Dark
Light
09.08.2026
kitaphana THE ASHGABAT TIMES

Kitap okaýan dünýäni görer

26.02.2026

Kitap — adamzadyň köňül çyragy, gözýetimiňi giňeltmäge ýol açýan çelgi, bagtyýarlyga beslenen täze dünýäniň altyn açarydyr. Hut şonuň üçinem kitaplara, pähim-paýhas ojagy bolan kitaphanalara halkymyz ir döwürlerden bäri aýratyn hormat goýup gelýär. «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» diýlişi ýaly, ynsan okamak, öwrenmek bilen kämilleşýär, täze dünýäniň gapysyny açýar. Şol dünýä bolsa saňa edep-terbiýelilik, bagtyýarlyk, tutanýerlilik eçilip, maksat-myratlaryňa ýetirýär.

Türkmen halky kitaphon halk. Kitaphonlyk — asyrlaryň jümmüşinden geçip, biziň günlerimize gelip ýeten, bize ata-babalarymyzdan miras galan ýagşy häsiýetdir. Muňa mysal hökmünde, Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasyny hem görkezmek bolar. Her bir adamyň hem kitap bilen dostlaşmagy esasynda öz durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýýanlygy ikuçsuzdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ylmy-filosofik eserinde diňe kitaby köp okaýan halklaryň dünýä nusgalyk medeniýeti döredip bilýändigi aýdylýar. Bu bolsa kitabyň ylym-bilimi, medeniýeti ösdürmekde ähmiýetiniň näderejede uludygyndan habar berýär. Çünki kitap kämillige eltýän ýoldur, röwşen geljege, bagtyýar ýaşaýşa ýetirýän bahasyz hazynadyr. Munuň şeýledigine anyk göz ýetiren merdana halkymyz gadymy döwürlerden bäri birnäçe kitaphanalary gurup, olarda dünýä belli alymlaryň kitaplarynyň bolmagyna şert döredipdir.

Ýeri gelende, Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň nusgalyk kitaplarynyň biziň her birimiz üçin gymmatly çeşmedigini nygtamalydyrys. Olar ýaş nesilleri watançylyk, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde uly orna mynasypdyr. Sebäbi Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň nusgalyk kitaplarynda şöhratly taryhymyz, türkmençilik ýörelgelerimiz ör-boýuna galýar. Olarda berilýän gyzykly maglumatlar bolsa her bir okyjyny täsin dünýä alyp gidýär, dünýägaraýşyny giňeldýär. Çünki kitap okamak ylym-bilimden doly dünýä syýahat etmekdir.

Döwletgeldi ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

pp8yu8hlhradqt1ph4d3ifg6luv5wonz THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde eksportyň ähmiýeti we ösüşi

halk maslahat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halka daýanyp, halkyň bähbidine

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop