Türkmenistanyň Prezidentiniň goldaw-hemaýatlary netijesinde şu ýylyň 15 — 18-nji fewraly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde Türkmenistanyň kino günleri geçirildi. Onuň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna surata düşürilen «Kompozitor» atly film Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite baýraklaryna mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Türkiýedäki kino günleriniň çäklerinde Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeni merkezinde «Kompozitor» atly türkmen çeper filminiň görkezilişi boldy. Soňra bu ajaýyp film TÜRKSOÝ-yň halkara baýraklarynyň ikisi — filmiň surata düşürilmegine ýakyndan goldaw beren Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy guramanyň «Goşa ganatly uly laçyn» atly ýörite sylagy, şeýle-de filmi saz bilen bezändigi üçin kompozitor Kerim Berdimuhamedow «Ganatly altyn bedew» atly ýörite sylag bilen sylaglanyldy. Munuň özi şanly ýylda halkymyzy buýsandyran hoş habar boldy.
«THE ASHGABAT TIMES».