Dark
Light
13.10.2026
070424 01 THE ASHGABAT TIMES

Maksada okgunly ýaşlar

13.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň iň bir ösen, kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi. Şonuň üçin hem berkarar Watanymyzyň buýsançly ýaşlary ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuw eden mukaddes Garaşsyzlygyny, baky Bitaraplygyny has-da pugtalandyrmakda, döwletimiziň abraý-mertebesini mundan beýläk-de belende götermekde özlerine aýratyn ornuň degişlidigine çuňňur düşünýärler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlaryň dünýä derejesinde ylym-bilim almagyna, ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp gitjek kämil hünärmenler bolup ýetişmegine giň ýol açyldy, olaryň ruhy-ahlak taýdan kämilleşmegi, beden taýdan ösmegi, döwrebap bilim almagy hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi.
Dünýä ülňülerine laýyk gelýän multimedia enjamly orta, ýörite we ýokary okuw mekdepleri ösüp gelýän ýaş nesliň ylym-bilimi has-da çuňňur ele almagyny üpjün edýär. Ýurdumyzda hem halkara derejesindäki ýokary okuw mekdepler yzygiderli açylyp, talyplyga kabul edilýänleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Bilim bermegiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Ýaşlaryň beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegi üçin Diýarymyzyň ähli künjeklerinde stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, beýleki sport desgalary hereket edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen çäreler giň gerime eýe bolmak bilen, özüniň oňyn netijesini berýär.

Yhlas ARTYKOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

zq2rlbsj6jxgw76skyyqkddu5shxpp 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

nq5hwbumvcycgcxdhmpl3g1z8e4hkn 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Şweýsariýanyň Ilçisi bilen duşuşygy barada

Soňkylar Makalalar

Zenanlaryň başlangyçlary – umumadamzat bähbidi

12.10.2026
Zenanlar baradaky alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, şeýle hem halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň

Suw ýollary – durnukly ösüşiň bähbidine

12.10.2026
Häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde suw ýollarynyň utgaşykly ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Şunda Awazada Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHEHG) döwletara utgaşdyryjy

Demografik ösüş – döwrüň meselesi

12.10.2026
Ählumumy özgertmeler döwründe demografik prosesler döwletleriň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolup çykyş edýär. Şoňa görä-de, ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Demografik

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ýoly bilen

12.10.2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 7 — 9-njy oktýabry aralygynda guralan, köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen halkara derejeli möhüm çäreler wajyplygy we netijeliligi bilen

Köňüllere ganat bitiren şygyr

12.10.2026
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň buýsanjy» atly ajaýyp şygrynyň halkymyza ýetirilmeginde ägirt uly many bar. Şygyr ýöne ýere döremeýär.
GitTop