Dark
Light
06.03.2026
mugallymm THE ASHGABAT TIMES

Mekdep ylym ojagydyr

05.02.2026

Mekdep adamzat paýhasynyň kemala gelýän mukaddes ojagydyr. Şol sebäpli hem halkymyzda «Mekdep — ylym ojagy» diýen dana jümle döräpdir. Elbetde, ylym öwrenmek adamyň ömrüniň iň manyly we dowamly işidir. Bu ýoluň ilkinji we iň möhüm ädimleri bolsa mekdep bosagasyndan başlanýar. Mekdep — bu durmuşyň tarypyna sygmaz uly dünýäsine açylýan gapydyr.

Mekdep her bir şahsyýetiň zehininiň uçgunlaryny taplaýan mekandyr. Ol ýerde biz diňe bir okaýyş-ýazyşy däl, eýsem, älemiň syrlaryny, tebigatyň kanunlaryny we jemgyýetiň gurluşyny öwrenýäris. Mugallymlaryň berýän her bir sargyty, her bir sapagy geljekki uly üstünlikleriň binýadyny goýýar.

Mekdebiň ylym ojagy hökmündäki ähmiýeti sowatlylyk we bilimde has-da aýdyň ýüze çykyp, dünýägaraýşyň giňemegi we maglumatlary dogry seljermegi öwredýär. Şeýle hem ylym bilen bilelikde edep-ekramy, ula hormat, kiçä hezzet etmegi öwredýän mekandyr. Mekdep okuwçynyň haýsy ugra ukybynyň bardygyny ýüze çykaryp, geljekki hünärine ýol görkezýär. Mekdep ýyllarynda dörän dostluk gatnaşyklary iň berk we iň arassa gatnaşyklar hasaplanýar.

Häzirki ösen tehnologiýalar eýýamynda ylmyň we bilimiň gadyry has-da artdy. Döwrebap mekdeplerde öwrenilýän sanly bilimler, daşary ýurt dilleri we takyk ylymlar ýaşlaryň dünýä derejesinde bäsleşige ukyply bolmagyny üpjün edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary üçin mekdep — iň gymmatly hazynadyr.

Gysgaça aýtsak, mekdep ynsanyň kämilleşýän ýeridir. Bu ojakda alnan her bir bilim damjasy geljekde beýik işleriň ummanyna öwrüler. Şol sebäpli mekdebi söýmek, mugallyma sarpa goýmak we ylym ýolunda zähmet çekmek her bir okuwçynyň mukaddes borjudyr.

Nowruza ZAKIROWA,
Farap etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 0178 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda seýrek astronomik hadysa -“Ot halkasy” Gün tutulmasy bolup geçer

img 0180 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Pepsi täze Super Bowl reklamasynda Coca-Cola-nyň ak aýy mascotyny peýda etdi

Soňkylar Makalalar

Hem mähriban, gahryman zenanlar

05.03.2026
Bahar paslynyň gelmegi bilen, daş-töweregimiz al-elwan güllere beslendi. Ýaz güllerinden ilki boglan çemenler bolsa bahar ýaly mylaýym hem mähriban enelerimize, görkana gyz-gelinlere sowgat berilýär.

Nakgaşçylykda sähra gözelligi

04.03.2026
Türkmen sährasynyň gözelligi ynsanlary ruhlandyrýar, ömürlerini uzaldýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda sähralarymyz has-da gözel görnüşe eýe bolýar. Tebigatyň

Zenan – mähir dünýäsi

04.03.2026
Zenanlary mertebelemek, olara durmuşda ähli ýeňillikleri döretmek halkymyzyň arkama-arka dowam edip gelýän asylly däpleriniň biridir. Maşgala ojaklarynyň daýanjy, öýlerimiziň ýaraşygy bolan zenanlaryň abadan durmuşda

Ene mukaddesdir

04.03.2026
Dünýäde iň mähriban, iň nurana we iň eziz ynsan kim diýseler, hiç hili ikirjiňlenmän «Ene» diýip jogap bererdik. Eneleriň mähri — biziň kalbymyzyň şuglasy,

Kitaply çaga – ganatly çaga

03.03.2026
Dünýä ýüzünde adamlary biri-birine baglaýan, pikirlerini baýlaşdyrýan, olaryň akyl derejesini ösdürýän iň gymmatly serişdeleriň biri hem kitapdyr. Kitap adamzadyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan tejribesiniň, ylmyň,
GitTop