Dark
Light
10.03.2026
1770297030871 THE ASHGABAT TIMES

Melaniýa Tramp baradaky film premýera gününde 2,9 million dollar gazandy

05.02.2026

ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Trampyň durmuşyna bagyşlanan «Melania» atly dokumental film görkezilip başlanan ilkinji gününde 2,9 million dollar girdeji getirdi. «The Hollywood Reporter» neşiriniň berýän maglumatyna görä, ilkinji dynç alyş günleriniň ahyryna çenli kassa girdejileriniň has-da artmagyna garaşylýar.

Eger bu çaklamalar tassyklansa, film soňky ýyllarda iň ýokary girdeji getiren dokumental filmleriň birine öwrüler we premýera reýtinglerinde öňdebaryjy orunlary eýelär.

Filmiň üstünligi, esasan, 55 ýaşdan ýokary bolan konserwatiw tomaşaçylaryň işjeňligi bilen baglanyşyklydyr. Premýera güni tomaşaçylaryň 78 göterimi, dynç alyş günlerinde bolsa 72 göterimi 55 ýaşdan aşan aýallardan ybarat boldy.

Film režissýor Brett Ratner tarapyndan surata düşürildi we ol 30-njy ýanwarda ekrana çykdy. Film Melaniýa Trampyň 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Donald Trampyň inagurasiýasyna taýýarlyk görşüni we Ak tama dolanyp baran 20 günlük döwrüni öz içine alýar.

Filmiň býujeti 40 million dollar, mahabat işlerine (marketing) bolsa goşmaça 35 million dollar sarp edildi. Taslama «Amazon» kompaniýasy tarapyndan maliýeleşdirildi.

«Variety» we «The Guardian» ýaly neşirler filmi aşa sahnalaşdyrylanlygy üçin tankytladylar we ony garaşsyz dokumental kino talaplaryna jogap bermeýän taslama hökmünde häsiýetlendirdiler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1770272273371 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hirurgiki tikinlerde doňuz içegesi ulanylýarmy?

1770297030864 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Saud Arabystanynda düýeler pasportly bolar!

Soňkylar Dünýä habarlary

Eýranda ýurduň Beýik lideri saýlanyldy

10.03.2026
Eýran Yslam Respublikasynyň Ekspertler geňeşi Mojtaba Homeneýini ýurduň täze Beýik lideri (Rehber) wezipesine saýlady. Bu barada «Mehr» habarlar agentligine salgylanyp, halkara çeşmeler habar berýär.

«Toyota» kompaniýasynyň awtoulag satuwy ýokarlandy

03.03.2026
«Bloomberg» neşiriniň ýazmagyna görä, ýanwar aýynda «Toyota» kompaniýasynyň awtoulag satuwy ýokarlandy. Hasabat döwründe kompaniýanyň esasy brendleri bolan «Toyota» we «Lexusyň» satuwy ABŞ-da 8,1 göterim,
GitTop