Dark
Light
08.09.2026
yunesko kluby THE ASHGABAT TIMES

Milli gymmatlyklar – nesillere miras

23.02.2026

Häzirki wagtda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilendir. Şoňa görä-de, 21-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz 1993-nji ýyldan bäri BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzüminiň doly hukukly agzasydyr. Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň dowamynda bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipler bilen baglylykda, özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda milli toparyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri, 2026-njy ýylyň meýilnamasynda bellenilen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylda ÝUNESKO-nyň hem-de onuň sebit düzümleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň, geňeşmeleriň onlarçasy geçirildi. Şunda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny ösdürmekde gazanan ýokary netijeleri nazara alnyp, Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi möhüm waka boldy. Mejlisde çykyş edenler geçen ýylyň dekabrynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisinde türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigine aýratyn ünsi çekdiler.

Umuman, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisinde garalan meseleler ýurdumyzda medeni diplomatiýany ilerletmek, şol sanda halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda netijeli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsine öwrüldi.

Gülnäzik AGAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

karat bae THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanly karateçi BAE-de geçirilen ýaryşda altyn medal gazandy

yunesko diz THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi

Soňkylar Makalalar

Kitaba sarpa – durmuşa söýgi

07.09.2026
Kitap milli medeniýetiň ölçeg daşydyr. Kitaba, çeper edebiýata, döredijilige aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleri ýaş nesliň kalbyna milli ruhy gymmatlyklaryň

Döwrebap bilim ojagy – milli pedagogikanyň binýady

07.09.2026
Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp

Kitaba bolan söýgi maşgaladan başlanýar

05.09.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde mugallymlar, talyp ýaşlar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagynda

Türkmenistan – bilimler ýurdy

04.09.2026
Altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda Türkmenistan döwletimiziň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Bilimler we

Döwletli geňeş – berkarar geljek

04.09.2026
Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan döwletlilik mekdebi halka sala salmak, il-günüň agzybirligine hem-de pederlerimizden dowam edip gelýän parasatly durmuş ýörelgelerine daýanmak ýaly belent gymmatlyklardan gözbaş
GitTop