Dark
Light
13.09.2026
kanun hukuk THE ASHGABAT TIMES

Milli kanunçylygymyz kämilleşdirilýär

18.02.2026

Ýurdumyzyň islendik ulgamynyň ösdürilmegi onuň hukuk binýadynyň berkidilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli hukuk binýadymyzy döwrebaplaşdyrmak hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan parasatly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Çünki ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de borçlaryny kadalaşdyrýan, kepillendirýän konstitusion kadalar umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň ähli görnüşlerini özünde jemleýär hem-de her bir şahsyýetiň jemgyýetdäki mynasyp ornuny kesgitleýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça netijeli işler alnyp barlyp, 2025-nji ýylda şu babatda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 27-si kabul edildi, birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Kabul edilen kanunlaryň Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etjekdigini bellemek gerek.

Milli ykdysadyýetiň pudaklarynda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen maglumatlardan görnüşi ýaly, geçen ýylda milli parlamentiň 4 maslahaty geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 27-si, Mejlisiň kararlarynyň 23-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda”, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, «Ýük markalary hakynda halkara konwensiýanyň degişli Teswirnamasyna goşulmak hakynda», “Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda”, “1993-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar.

Şunuň bilen birlikde, döwletimiziň hukuk ulgamyny täze taryhy döwrüň talaplaryna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, jenaýat-ýerine ýetiriş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, aragatnaşyk, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen baglanyşykly hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi.

Beýik ynsanperwer başlangyçlary öňe sürüp, ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Hojamämet HOJAMÄDOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Daşoguz welaýat müdirliginiň Daşoguz şäher bölüminiň uly döwlet bellige alyjysy, 2-nji derejeli ýurist.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

diplo THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Diplomatik işgärleriň gününe bagyşlandy

bitarap neww THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen diplomatlarynyň hünär baýramy

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

Bedew bady bilen rowaçlygyň röwşen ýoluna!

11.09.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent maksatlar rowaçlanýar, her bir günümiz üstünliklere beslenýär. Şeýle ajaýyp ýylda belent maksatlary nazarlap

Bilim – adamzadyň iň uly baýlygy

11.09.2026
Häzirki döwürde islendik jemgyýetiň hem-de ýurduň ösüşiniň esasy şertleriniň biri bilimli, başarnykly we maksada okgunly nesli terbiýelemekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni
GitTop