Nesilden nesle, atadan ogla, eneden gyza geçip, asyrlarboýy dowam edip gelýän milli ahlak kadalarymyzda ýokary kämilligiň we berk ylmy esasyň bardygy aýratyn bellärliklidir. Olar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş dowamatynda-da, milli mirasymyzyň baý gaznasynyň «Kowusnama», «Gorkut ata», «Wagzy-Azat» ýaly pähim-paýhas gorlaryny özünde jemleýän ençeme eserlerinde-de öz beýanyny tapypdyr. Olar diňe bir edebi-çeper ýa-da jemgyýetçilik eserleri bolman, eýsem, çuň mazmunly ylmy ýazgylary, milli ahlak medeniýetimiziň beýikligini özünde jemleýän baýlyklardyr.
Ynsanyň şahsyýetine baha berlende, ilkinji nobatda, onuň edebi, tertibi, görüm-göreldesi nazara alynýar. Beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragy özüniň «Otur-turuşyn görüň» diýen goşgusynda merdana gerçek ýigidiň edebi barada şeýle diýýär: «Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz, // Märekede otur-turuşyn görüň». Zenan edebi barada bolsa: «Hyrydar bolsaňyz gyza, geline, // Edebin, ekramyn, oturşyn görüň» diýýär. Görnüşi ýaly, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bu setirleri ýaşlara adamkärçiligiň gowy sypatlaryny we ahlak arassalygyny öwretmegiň, olarda Watana, zähmete, ýaşaýşa, gözellige, dostluga, agzybirlige söýgi döretmegiň belent nusgasydyr.
Ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, watansöýüji nesiller edip ýetişdirmek, milli ýörelgelerimiz esasynda birek-birege hormat goýmak we ynsan göwnüni götermek hem-de beýik ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek häzirki döwrümiziň esasy talabydyr. Çünki göwün ahlagyň esasy daýanjydyr. Göwün ahlak tarapyndan ýol berlen, ruhy manyly tebigy islegleriň jemidir. Göwün adamzat ruhunyň şahsyýet birligidir. Şonuň üçin hem, göwne — yhlas, isleg we arzuw, açyklyk hem päklik, gözellik, akyllylyk ýaly ajaýyp häsiýetler mahsusdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserindäki: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir. Çünki adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr» diýen parasatly setirleri ýaşlaryň watançylyk ruhuny has-da arşa göterýär. Bu günki günde ýaşlarda bagtyýar geljege bolan beýik ynam bar, Watana, ene-topraga hem-de halal zähmete bolan päk söýgi bar, egsilmez güýç hem kuwwat bar.
Merjen ORAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.