Dark
Light
09.08.2026
pp8yu8hlhradqt1ph4d3ifg6luv5wonz THE ASHGABAT TIMES

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde eksportyň ähmiýeti we ösüşi

25.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly hormatly Arkadagly Serdarymyzyñ tagallalary bilen ýurdumyzyň telekeçilik pudagy ösüşiň täze basgançagyna göterilýär.

Döwletimiz tarapyndan hususy pudagyň wekillerine berilýän giň gerimli goldawlar we döredilýän ýeňillikler milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrýar. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ösüş tapgyrynda halkara söwda gatnaşyklarynyň giňelmegi, bazarlaryň açyklygynyň artmagy we ykdysady integrasiýa prosesleriniň çuňlaşmagy eksport we söwda ulgamynyň milli ykdysadyýetdäki ornuny düýpli ýokarlandyrýar. Ýurdumyzda söwda dolanyşygyny kämilleşdirmek, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak babatynda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanda söwda ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hormatly

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, esasan-da, halkyň isleglerini kanagatlandyrmak söwda toplumynyň öňünde durýan esasy wezipeleridir.Häzirki şertlerde islendik ýurduň ykdysady ösüş depgini diňe içerki bazaryň mümkinçilikleri bilen çäklenmän, eýsem milli ykdysadyýetiň halkara bazarlara çykmak ukybyna, eksport mümkinçilikleriniň derejesine hem-de söwda ulgamynyň netijeliligine gönüden-göni baglydyr. Şonuň üçin eksport we söwda ulgamynyň ösüşi milli ykdysadyýetiň durnukly we uzak möhletleýin ösüşini üpjün edýän esasy faktorlaryň biri hökmünde çykyş edýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistan milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmek we halkara ykdysady giňişlige işjeň goşulmak ugrunda toplumlaýyn çäreleri amala aşyrýar. Hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň belleýşi ýaly: “Döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn-da, ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmekde ýaş alymlarymyzyň ylmy açyşlary, senagat-innowasion tejribeleri ylmy-inženerçilik pikirleri, maglumat-tehnologik ylmy barlaglar möhüm ähmiýete eýedir.”

Türkmenistanyň 2021–2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasynyň kabul edilmegi eksporty diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze bazarlara çykmaga, milli önümleriň halkara bazarlardaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de daşary söwda ulgamynyň institusional esaslaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Eksport we söwda ulgamynyň mazmunyny we ykdysady kategoriýa hökmünde ähmiýetini açyp görkezmek, eksport we söwda ulgamynyň milli ykdysady ösüşe ýetirýän täsirini seljermek, Türkmenistanyň daşary söwda strategiýasynyň ykdysady ösüşdäki ornuny öwrenmek, Halkara söwda ulgamynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň ornuny we wezipelerini seljermek, Türkmenistanda eksport we söwda ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek has wajyp bolup durýar.

Azizbek KURAMBAÝEW

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistranty

Leave a Reply

Your email address will not be published.

main photo THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy agzaçar sadakasyny berdi

kitaphana THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kitap okaýan dünýäni görer

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop