Dark
Light
16.06.2026
mugallymm 1 THE ASHGABAT TIMES

Mugallym – bagtyýar geljegi gurujy

23.02.2026

Mugallymçylyk hünäri, mugallymyň ykbaly ýurdumyzyň nurly geljegi bolan ýaş nesliň ylym-bilimi, edep-terbiýesi bilen aýrylmaz baglydyr. Şu jähetden, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň röwşen geljegini gurmakda mugallym hünärmenlere uly orun degişlidir.

Pederlerimiz maşgalanyň guwanjy, neberäniň dowamy, jemgyýetiň geljegi bolan nesliň akylly-başly, ylymly-sowatly bolmagy ugrunda müňýyllyklaryň dowamynda aladalanypdyrlar. Türkmen topragynda taryhyň dürli döwürlerinde hereket eden bilim, ylym ojaklarynyň işi bilen tanyş bolanymyzda mugallymlara bildirilýän talabyň ägirt uly bolandygyny görýäris. Sebäbi mugallym ynsan kalbyna täsir edip, onuň ýüreginde baky orun tutýar. Şonuň üçin-de mugallymçylyk käri adamzat döräli bäri iň bir hormatly we asylly kärleriň biri hasaplanylýar.

Mugallyma jemgyýet özüniň iň gymmatly hazynasyny — geljeginiň dowamat dowamy bolmaly ýaş nesli ynanýar. Mugallym ynsan kowmunyň geljegi bolan çagalara diňe bir bilim berip, ylym öwretmän, eýsem, edep-terbiýe berýär, olary durmuşa taýýarlaýar.«Her bir ýurduň geljegi onuň ýaş nesli bilen baglanyşdyrylýar. Ýaş nesliň geljegi bolsa şol ýurduň mugallymlarynyň elindedir» diýýän Gahryman Arkadagymyz mugallymlaryň öňünde uly jogapkärçilikli wezipeleri goýýar. Şonuň üçin biz hem hut şu asylly käri saýladyk.

Biz ― talyp ýaşlara okamaga, işlemäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Sülgün MUNBAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň I ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

y0t5kefckgiyikcmlunjrk25rcfvjf 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky täze Hemişelik wekili wezipesine girişdi

zenan gyz THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Zenanlara pul sowgatlary gowşurylar

Soňkylar Makalalar

Ylmy özgertmeler – geljegiň bähbidine

13.06.2026
Jemgyýetiň ösüşi hem-de durmuş ulgamynyň özgermegi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we

Çaga – geljegiň şuglasy

11.06.2026
Çagalar nesil dowamaty bolup, döwleti gülletjek hem-de ösdürjek, ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklaryny indiki nesillere ýetirjek geljekki şahsyýetlerdir. Olara berlen iň oňat terbiýe peşgeşi, şeýle-de körpeleriň
GitTop