Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysady strategiýa laýyklykda, maýa goýum işjeňligi ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlar ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösýändigini, ähli pudaklarda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini aýdyň görkezdi. Şunda oba hojalygyna aýratyn orun degişlidir.
Nygtalyşy ýaly, oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 103,1 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 103,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 114,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 131 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,8 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 109,6 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,3 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,9 göterime deň boldy. Bu görkezijiler oba hojalyk pudagynyň barha rowaçlanýandygyny görkezýär.
Häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, gowaçanyň, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gerek bolan tohumlary taýýarlamak üçin degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzda oba hojalygyny döwrebap ösdürmekde alnyp barylýan döwletli işleriň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.
Elbetde, oba hojalygy milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Ony ösdürmek ykdysady binýady pugtalandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwür täze wezipeleri, önümçilik bolsa öňdebaryjy tejribeleri we iş usullaryny talap edýär. Çünki toprak — halkyň durmuşynyň baky hemrasy, zähmetiniň manysy, ykbalyny çözüji. Goý, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Maksat RAZAKOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň buhgalteri.