Türk Döwletleriň Guramasynyň (TDG) ýanyndaky Fetwa geňeşi 2026-njy ýylda Oraza aýynyň birinji gününiň 18-nji fewral (çarşenbe) boljakdygy, Oraza baýramynyň bolsa 20-nji marta (anna) gabat geljekdigi barada karar kabul etdi.
Bu karar Özbegistanyň Samarkand şäherinde bolup geçen Fetwa geňeşiniň mejlisinde kabul edildi. Mejlisiň dowamynda türki döwletleriň musulman jemgyýetleriniň agzybirligini berkitmegiň hem-de dini amallary ylmy esaslar bilen utgaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Maglumat üçin: Bu mejlise Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan hem-de synçy döwletler bolan Türkmenistan we Wegriýanyň wekilleri gatnaşdylar.
«THE ASHGABAT TIMES».