Dark
Light
10.06.2026
al arabiya THE ASHGABAT TIMES

Ösüşiň we parahatçylygyň taglymaty

21.02.2026

Parahatçylyk — her döwrüň, her döwletiň islegi. Ony gazanmak bolsa örän oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň işlenip düzülmegini talap edýär. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän işleri dünýä nusgalykdyr. Biz muňa parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyzyň millionlarça tomaşaçysy bolan «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna interwýusynyň mysalynda nobatdaky gezek aýdyň göz ýetirdik.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde ýurdumyz dünýäniň syýasy-ykdysady giňişliginde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar, dürli döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny işjeň ilerledýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde millionlarça teletomaşaçysy bolan «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap berdi.

Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň esasy maksatlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Milli Liderimiziň meşhur teleýaýlymyň žurnalisti bilen söhbetdeş bolmagy dünýä bileleşiginiň ýurdumyza bolan ägirt uly gyzyklanmasynyň, öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýediginiň, Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyzyň interwýusyndan hem görnüşi ýaly, täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýarlygy, halklaryň dost-doganlykly gatnaşyklary, dünýäniň parahatçylygy bilen pugta baglanyşyklydyr. Bularyň hemmesi sözüň doly manysynda örän uly many-mazmuna eýedir. Muny biz dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýan her bir beýik başlangyçlarda hem aýdyň göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň beýik işleri — ösüşiň we parahatçylygyň taglymaty dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar.

Ata KUJYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga terb THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bedew bady bilen bilim belentliklerine tarap

cagajykl THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tebigat we terbiýe

Soňkylar Makalalar

Zergärçilik sungatynda sagatlaryň çeper bezegi

08.06.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz goldawlary netijesinde türkmen amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we

Mekdebe çenli döwürde

06.06.2026
Ynsan gurluşynyň, onuň dünýägaraşynyň we zehin binýadynyň iň çalt kemala gelýän döwri — mekdebe çenli ýaşdyr. Şonuň üçin hem bilim ulgamyndaky islendik özgertmäniň gözbaşy

Okgunly ösüşleriň binýady

06.06.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän
GitTop