Dark
Light
15.09.2026
bedew yyly kollazh THE ASHGABAT TIMES

Ösüşleriň we bagtyýarlygyň senasy

15.02.2026

Biri-birinden zyýada gelýän ýyllar halkymyzyň ykbalyna bagtyýarlyk, rowaçlyk hem-de ösüş-özgerişler getirýär. Bagta beslenýän aý-günler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň taryhynda täze sahypalary açyp, ýurdumyzy ynamly gadamlar bilen belent maksatlara tarap alyp barýar. Şoňa görä-de, şu ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy syýasy-jemgyýetçilik taýdan ýokary ähmiýete eýedir.

Her ýylyň döwrebap atlandyrylyp, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli şygarlar bilen dabaralandyrylmagy halkymyzyň agzybirligini, ruhy bitewüligini pugtalandyrýan möhüm ýörelgä öwrüldi. 2026-njy ýylymyzyň şygary hem döwletimiziň gazanan beýik üstünlikleriniň, ösüş depginleriniň aýdyň beýanydyr. Biz bu ýylda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny ýokary ruhubelentlikde garşy alýarys. Ýylyň şygary mukaddes Garaşsyzlygyň hem-de hemişelik Bitaraplygyň döwletimiziň ösüş ýolundaky esasy binýatdygyny, bedew bady bilen öňe barýandygyny çuňňur filosofiki many bilen açyp görkezýär.

Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde bedew at aýratyn orna eýedir. Ol milli baýlygyň, ösüş tizliginiň hem-de döwletimiziň okgunly öňe gitmeginiň nyşanydyr. Häzirki döwürde bedew batly ösüşler ýurdumyzyň ähli ugurlarynda aýdyň görünýär. Şunda şanly ýylymyzyň şygarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň goşa mukaddeslik hökmünde şöhlelenmegi çuňňur mazmuna eýedir. Berkarar döwletimiziň ösüş depgini hut şu goşa mukaddeslikden gözbaş alyp, halkymyzyň abadan durmuşynyň kepiline öwrülýär.

Häzirki zaman dünýäsinde Türkmenistan döwletimiz bedew batly ösüşleri bilen halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezindedir. Bu ösüşleriň esasy hereketlendiriji güýji bolsa bagtyýar ýaşlardyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaşlara ähli ugurlarda giň ýol açylýar. Ýaşlaryň ylym-bilim, sport, medeniýet we döredijilik ýaly ugurlarda gazanýan üstünlikleri ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göterýär. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi bolsa biz – ýaş nesilleri täze ýeňişlere, beýik maksatlara ruhlandyrýar.

Röwşen NARMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim 2024 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilim dünýäsi bagta atarýar

bitara kita THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň pelsepewi binýady

Soňkylar Makalalar

Mukaddes buýsanjymyz, beýik geljegimiz

14.09.2026
2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýyl eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly

«Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur»

14.09.2026
Türkmenistan 35 ýyl mundan ozal özüniň Garaşsyzlygyny yglan edip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny saýlap aldy. Ýurdumyz şol taryhy wakadan soňra özygtyýarly hem-de

Garaşsyzlyk – nesilleriň we ösüşiň ak ýoly

14.09.2026
Hormatly Prezidentimiz: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr» diýip nygtaýar. Bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýady bolan Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra ýurdumyzyň ösüşleri nusgalyk
GitTop