Dark
Light
06.10.2026
bitara kita THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň pelsepewi binýady

15.02.2026

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde parahatçylygyň, agzybirligiň we asudalygyň höküm sürmegi merdana halkymyzyň iň belent bagtydyr. Bu gymmatlyklaryň bitewi sazlaşygyndan kemala gelen Bitaraplyk taglymaty bolsa, bu günki gün dünýä ýüzünde umumadamzat bähbitli ýörelge hökmünde giňden dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby hem şeýle beýik ýörelgeleriň hakyky ylmy-pelsepewi beýanydyr.

Garaşsyzlyk we Bitaraplyk mizemez bitewülige öwrülip, türkmen halkynyň goşa ganatyna deňelýär. Hormatly Prezidentimiziň kitabynda adamzat durmuşynda we milli döwletlilik ýörelgelerimizde aýratyn orun eýeleýän bu gymmatlyklaryň mazmuny, taryhy kökleri hem-de ruhy özeni örän çuňňur beýan edilýär. Bu gymmatly neşiriň türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilmegi halkara okyjylar köpçüligi üçin hem elýeterliligi üpjün edýär. Şeýle hem kitabyň çeper mazmunly suratlar bilen bezelmegi beýan edilýän taryhy we döwrebap wakalaryň täsirini has-da artdyryp, eseriň ylmy-çeperçilik gymmatyny belende göterýär.

Asyrlarboýy türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynda parahatçylyk we asudalyk milli ýol-ýörelge hökmünde mynasyp orun alyp gelýär. Hormatly Prezidentimiz öz eserinde Bitaraplyk düşünjesiniň kökleriniň örän çuňňurlygyny şeýle häsiýetlendirýär: «Gysga sözde beýan etsek, bitaraplyk ruhy her bir türkmeniň dünýägaraýşyna hem-de ýaşaýyş-durmuş pelsepesine ymykly ornaşypdyr. Bu biziň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerimize doly laýyk gelýär. Şonuň üçin häzirki döwürde «Bitaraplyk» düşünjesi «türkmen» ýa-da «Türkmenistan» sözleri bilen manydaş ýaňlanýar». Döwlet Baştutanymyzyň bu pelsepewi kesgitlemesi Bitaraplyk taglymatynyň jemgyýetçilik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Sözümizi jemläp aýdanymyzda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby saýlap alan ýolumyzyň örän dürsdügini, aýdyňdygyny we dünýä ähmiýetlidigini ýene bir ýola äşgär edýär. Bu ajaýyp eser biz — ýaşlar üçin hem kämil gollanmadyr, gymmatly ylmy-filosofik çeşmedir.

Eziz EMINOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bedew yyly kollazh THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ösüşleriň we bagtyýarlygyň senasy

kitap oka bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kitap oka, dünýäni aç!

Soňkylar Makalalar

Bagtyýar çagalar – ýagty ertirlerimiziň umydy

06.10.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,
GitTop