Dark
Light
18.07.2026
saglyk new 26 THE ASHGABAT TIMES

Saglygy goraýyş diplomatiýasy: umumadamzadyň bähbidine

24.02.2026

Saglygy goraýyş diplomatiýasy diňe bir tagallalary birleşdirmek arkaly bütin adamzadyň sagdyn ýaşaýyş gurşawyny emele getirmegi göz öňünde tutman, eýsem, häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygy we ynanyşmagy döretmegiň hem möhüm köprüleriniň biridir. Şoňa görä-de, ýakynda paýtagtymyzda «Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog» atly halkara okuw maslahatynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Bu giň möçberli forumyň guralmagy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

Şeýle ähmiýetli çäräniň Aziýanyň merjeni diýlip ykrar edilen paýtagtymyz Aşgabatda geçirilmegi ýurdumyzyň dünýä giňişliginde ynsanperwer ýörelgeleri ilerletmek boýunça işjeň ornunyň ykrarnamasydyr. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bilelikde guran forumyna iri halkara düzümleriň ýolbaşçylary, görnükli diplomatlar, sebitiň ýurtlarynyň Saglygy goraýyş ministrlikleriniň wekilleri, abraýly bilermenler gatnaşdylar. 

Okuw maslahaty häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli platformany döretmäge gönükdirildi. Çünki häzirki döwrüň lukmançylyk ulgamynda ählumumy meseleleri çözmek üçin täze çemeleşmeler zerur bolup durýar. Bu günki günde saglygy goraýyş diňe bir hünär ulgamy däl-de, eýsem, daşary syýasatyň hem möhüm şerti bolup çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ählumumy derejede üýtgeşmeleriň bolup geçýän döwründe Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça başlangyçlary parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde aýgytlaýjy orny eýeleýär. 

Jemläp aýdanyňda, tutuş adamzadyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze mehanizmlerini işläp taýýarlamagy maksat edinen halkara okuw maslahaty Aşgabadyň sebitiň intellektual merkezi hökmünde eýeleýän ornuny ynamly pugtalandyrýandygyny görkezdi.

Uzykjemal ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awtotrassa THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabat – Daşoguz esasy awtomobil ýoly düýpli döwrebaplaşdyrylar

ftqf6fjzful7s4y9b1x0fwfhxa0qxw 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Soňkylar Makalalar

Ekologiýa we daşky gurşawyň abadançylygy

17.07.2026
Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran iň möhüm meseleleriň biri hem ekologiýa abadançylygydyr. Ykdysady ösüşleriň, şäherleşmegiň we tehnologiýalaryň çalt depginde ösmegi tebigata edýän täsirini hem güýçlendirýär.

Jana şypaly tebigat

17.07.2026
Biziň ýaşaýan we bizi gurşap alýan goja Zemin özüniň ajaýyp tebigaty, reňbe-reň pasyllary, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen gözeldir. Halk arasynda tebigata we durnukly

Suw – ýaşaýşyň gözbaşy

17.07.2026
Suw Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň we adamyň ýaşamagy üçin iň esasy zatdyr. Ol ýaşaýşyň gözbaşy hem-de bütin adamzat taryhynyň, medeniýetleriniň we siwilizasiýalaryň kemala

Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, bilimler çeşmesidir

17.07.2026
Ylym-bilim ojagynyň esasy binýady kitaphanalarda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin zerur şertleriň
GitTop