Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen nakgaşlyk sungatynda döredilen eserlerde halkymyzyň köpasyrlyk taryhy, dessanlarda beýan edilen halk gahrymanlary, watançylyk duýgulary, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän däp-dessurlarymyz mynasyp wasp edilýär. Sungatyň taryhynda peýzaž žanry şäher, oba, deňiz we binagärlik ýaly birnäçe görnüşlere bölünýär. Olaryň arasynda binagärlik peýzažy aýratyn ösüşi bilen tapawutlanýar. Peýzažyň bu görnüşine ussat halypalardan başlap, zehinli ýaş suratkeşleriň köp sanlysy giňden ýüzlenýär.
Türkmen nakgaşlary ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini aýawly saklamak, gaýtadan dikeltmek we geljek nesillere ýetirmek maksady bilen, olary öz işlerinde yzygiderli şekillendirýärler. Şeýlelikde, bu ýadygärlikler bakylyga eýe bolup, her bir eserde täzeden janlanýar.
Binagärlik peýzažy Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kamil Weliahmedowyň döredijiliginde-de öz beýanyny tapýar. Ussadyň 1998-nji ýylda döreden «Daýahatyn ýadygärligi» atly eserinde Türkmenabat şäherinde ýerleşýän, XII asyra degişli bolan Daýahatyn kerwensaraýy häzirki görnüşinde şekillendirilýär. Türkmen nakgaşlyk sungatynda ýadygärlikleriň gaýtalanmajak keşbini suratlandyrýan işleriň hatarynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Çary Amangeldiýewiň 2002-nji ýyla döreden «Köneürgenjiň ýadygärlikleri» atly eserini mysal getirmek bolar. Bu eserde Il Arslanyň, Soltan Tekeşiň, Gutlug Temiriň, Törebeg hanymyň, Nejmeddin Kubranyň kümmetleri suratlandyrylypdyr.
Binagärlik peýzažyna yzygiderli ýüzlenýän suratkeşleriň hatarynda Wepa Gurdowy hem bellemek bolar. Onuň döredijiliginde iň tapawutly eserleriniň biri 2009-njy ýylda döredilen «Gyzlargala» atly işidir. Eserde irki orta asyrlara degişli bolan Gyzlargala binagärlik toplumy suratlandyrylyp, ol realizm akymynyň alamatlaryny özünde jemleýär. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Daňatar Çaryýewiň döredijiliginde-de dürli ýyllarda orta asyr ýadygärlikleri öz beýanyny tapdy. Ussat suratkeş 2012-nji ýylda döreden «Mäne babanyň kümmeti» atly eserinde XI asyrda ýaşap geçen beýik şahsyýet Abu Sagyt Abul Haýryň kümmetini suratlandyrypdyr.
Bu eserleriň her birinde nakgaşlyk sungatynyň ýokary ösüş depgini açylyp görkezilýär. Suratkeşler şeýle eserleriň üsti bilen eziz Watanymyza, gözel tebigatymyza, şöhratly taryhymyza bolan söýgüsini mynasyp beýan edýärler. Biz bu eserler bilen ýaş nesilleri tanyşdyryp, olaryň taryhy ähmiýeti barada giňişleýin güürrüň berýäris.
Mähriban TAGANOWA,
Döwletli etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň mugallymy.