Dark
Light
13.10.2026
cagajykl THE ASHGABAT TIMES

Tebigat we terbiýe

21.02.2026

Çagalar bagynda okatmagyň we terbiýelemegiň maksatlarynyň esasylarynyň biri hem çagalary ýurdumyzyň janly we jansyz tebigatyny – haýwanat hem ösümlikler dünýäsini, suw howdanlaryny, derýalaryny, çöllerini, daglaryny, ýerüsti, ýerasty baýlyklaryny bilmek, olara aýawly garamak endiklerini döretmekden, daş-töwerek, tebigat, jemgyýet hadysalary hakynda ýönekeýje düşünjeleri kemala getirmekden, çagalaryň akyl ösüşini, akyl ýetiriş endiklerini kämilleşdirmekden, tebigatdaky hil we mukdar gatnaşyklary hakynda ilkinji düşünjeleri hem-de dil öwrenmäge islegdir höwesi döretmekden ybaratdyr.

Terbiýeçi çagalar bilen gezelenç guranda, nähili ses eşidýändigini, olara kimiň köp ses eşidýänligini oýunlaryň üsti bilen hödürleýär ýa-da çagalaryň gezelenç döwründe degişli ýerlere baranlarynda gülleriň owadanlygyny, olaryň dürli reňkleriniň bardygyny synladýar. Çaga 7 ýaşaýança tebigat boýunça ody, howany, suwy, ýeri, ýagşy, gary, buzy, gurşuny, demri we ş.m. hem-de güni, aýy, ýyldyzlary hem tapawutlandyryp bilmelidir. Çagalary daşky durmuş bilen tanyş etmek olary akyl taýdan terbiýelemegiň esasy serişdesidir. Çagalaryň daş-töwerekdäki adamlar, dürli zatlar, janly we jansyz tebigat, jemgyýetçilik durmuşy bilen ýakyndan tanyş bolmagy olary akyl taýdan ösdürýär, gözýetimini giňeldýär. Şeýle-de uly adamlaryň gürrüňleri, radio we teleýaýlymlarda berilýän gepleşikler hem çagalaryň daş-töwerek baradaky maglumatlaryny baýlaşdyrýar. Ýaş nesliň ekologiýa düşünjesini we tebigata söýgüsiniň artmagynda zähmet terbiýesiniň hem möhüm ähmiýeti bardyr.

Çagalar zähmet çekmegiň üsti bilen täze düşünje alýarlar. Olar tebigatda zähmet çekenlerinde köp zatlary öz gözleri bilen görüp, belli netije çykarýarlar. Meselem, depilip agdarylan ýere suw tiz siňip gidýär. Gün şöhlesi gowy düşýän ýerde ösümlik gowy ösýär, kölege ýerde haýal ösýär we ş.m. Çagalar tebigat bilen bagly zähmetde ösümlikler we haýwanlar bilen tanyşýarlar. Olar özleriniň ösmekleri we ulalmaklary üçin nähili şertleriň döredilmelidigine göz ýetirýärler.

Ýeri gelende bellesek, Tebigat burçundaky ösümliklere gözegçilik etmek bilen çagalar olaryň ösüş tapgyryny öwrenýärler. Ýaz paslynda çagalar gül ekmek bilen meşgullanýarlar. Biziň ýaş neslimiziň geljekde zähmetsöýer adamlar we jemgyýetiň işeňňir agzalary bolup ýetişmekleri üçin olary diňe belli bir bilimler we endikler bilen ýaraglandyrmak ýeterlik däldir. Olarda zähmetsöýerligi, zähmet adamsyna hormat goýmagy terbiýelemek hiç haçan üns merkezinden düşürilmeýär.

Çemen AKMUHAMMEDOWA,
Murgap etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň uly bakja toparynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

al arabiya THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ösüşiň we parahatçylygyň taglymaty

caga 25 oyun THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hereketli oýunlar – sagdyn nesliň binýady

Soňkylar Makalalar

Zenanlaryň başlangyçlary – umumadamzat bähbidi

12.10.2026
Zenanlar baradaky alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, şeýle hem halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň

Suw ýollary – durnukly ösüşiň bähbidine

12.10.2026
Häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde suw ýollarynyň utgaşykly ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Şunda Awazada Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHEHG) döwletara utgaşdyryjy

Demografik ösüş – döwrüň meselesi

12.10.2026
Ählumumy özgertmeler döwründe demografik prosesler döwletleriň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolup çykyş edýär. Şoňa görä-de, ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Demografik

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ýoly bilen

12.10.2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 7 — 9-njy oktýabry aralygynda guralan, köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen halkara derejeli möhüm çäreler wajyplygy we netijeliligi bilen

Köňüllere ganat bitiren şygyr

12.10.2026
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň buýsanjy» atly ajaýyp şygrynyň halkymyza ýetirilmeginde ägirt uly many bar. Şygyr ýöne ýere döremeýär.
GitTop