Ýakynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň arasynda yglan edilýän «Ýylyň terbiýeçisi ― 2026» bäsleşigiň Mary şäher tapgyry geçirildi. Bu bäsleşikde biziň çagalar bakja-bagymyzyň, ýagny Mary şäheriniň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän 49-njy çagalar bakja-bagymyzyň terbiýeçisi Aýlar Ataýewa baş baýraga mynasyp bolup, welaýat derejesinde geçiriljek tapgyra gatnaşmaga saýlandy.

Ýeri gelende bellesek, bu terbiýeçi 2023-nji ýylda «Ýylyň iň gowy topar otagy» bäsleşiginde hem döwlet derejesinde baýrakly orna eýe bolupdy. Ol birnäçe ýyllaryň dowamynda çagalara bilim-terbiýe bermekde, olaryň sagdyn ösüşini we mekdebe taýýarlygyny gazanmakda yhlasly zähmet çekip, baý tejribe toplady. Öz saýlan hünärine ussatlarça çemeleşmek bilen, ýurdumyzyň milli bilim özgertmelerine mynasyp goşant goşýan terbiýeçi welaýat we döwlet derejesindäki dürli usuly-amaly maslahatlarda, metbugat neşirlerinde hem yzygiderli çykyş edip gelýär.
Öňdebaryjy iş tejribesi, mugallymçylyk ussatlygy, nesil terbiýelemekde we sowat öwretmekde erjelligi, talapkärligi we tutanýerliligi bilen ýaş kärdeşlerine görelde bolýan Aýlar Ataýewanyň usulyýet işlerine has döredijilikli çemeleşýändigini hem bellemek gerek.

Ol sapaklary we gün pursatlaryny mazmunly, ýokary hilli we netijeli guramakda halkara usullaryndan hem işjeň peýdalanýar. Öz şahsy döredijiligi boýunça taýýarlan taslamalaryny sapaklarynda netijeli peýdalanýar. Görkezme we paýlama esbaplarynyň döwrebaplygy, täzeçilligi, ekologiýa taýdan arassalygy, köpugurlylygy taýdan tapawutlanýan döredijilik çemeleşmeleri onuň usuly guramaçylygynyň birje mysalydyr. Şeýle-de bu terbiýeçi sanly bilim serişdelerini, elektron görkezme esbaplary hem peýdalanyp, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guraýar we aýratyn zehinli çagalaryň ýüze çykmagyna itergi berýär.
Biz hem hemişe zähmet üstünliklerine tarap ynanmly gadamlar basyp, bagtyýar nesilleriň röwşen ertirleriniň hatyrasynda asylly kär-hünäri bilen mynasyp goşantlaryny goşýan Alym Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerini gollanma edinip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan terbiýeçi Aýlar Ataýewa mundan beýläk hem üstünlikleri arzuw edýäris.
Güljahan GURBANOWA,
Mary şäheriniň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri.