Dark
Light
12.08.2026
bitarap gyzyl kitap THE ASHGABAT TIMES

Türkmen Bitaraplygynyň şöhratly ýoly

25.02.2026

Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklarynyň nazaryýetiniň we tejribesiniň ösmegine möhüm goşant goşmak bilen, bu ugurdaky başlangyçlaryny işjeň we ygtybarly dowam etdirýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.

Bu kitap syýasatçylar, ylmy işgärler bilen birlikde, diplomatlar, geljekki halkaraçy hünärmenler, şeýle hem Türkmenistanyň parahatçylykly ösüş ýoly bilen gyzyklanýan ähli okyjylar üçin gymmatly bolup, ol ýurdumyzyň alyp barýan köptaraply diplomatiýasyny we strategik garaýyşlaryny seljermekde ýokary ähmiýete eýedir. Bu neşirde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işiniň kämilleşdirilmegi üçin biziň institutymyza möhüm ornuň degişlidigini buýsanç bilen belleýär.

Hususan-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyz diplomatlaryň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagy ugrunda tagalla edilýändigini nygtamak bilen: «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty hem öňdebaryjy ylmyň we bilimiň merkezi hökmünde ýurdumyzyň diplomatik ýörelgelerini halkara derejede amala aşyrmaga ukyply hünärmenleri taýýarlamakda möhüm orny eýeleýär. Bu ýokary okuw mekdebi bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ukyply diplomatlary taýýarlamak boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýär» diýip belleýär. Munuň özi geljekki halkaraçy hünärmenleriň saýlan hünärine bolan söýgüsini, höwes-hyjuwyny has-da artdyrýar.

Pähim-paýhasa ýugrulan «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitap berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy, dünýäde ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işjeň tagallalary giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Goý, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda aýdyň geljege gönükdirilen belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Annanabat ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mekdep baslangyc THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Başlangyç synplarda bilim-terbiýäni ösdürmegiň usulyýet esaslary

matema THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Matematiki mysallary çözmegiň usullary

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop