Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni — bu diňe bir döwlet gullukçylarynyň baýramy däl-de, eýsem, ýurdumyzyň dünýä sahypasyndaky parahatçylyk dörediji hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmasydyr. Her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýän bu sene ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan iň uly ýeňişleriniň biri bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň iş ýüzündäki netijelerini jemleýär. Türkmen diplomatiýasy öz gözbaşyny halkymyzyň taryhyndan, goňşy bilen agzybir ýaşamak ýaly gadymy pelsepelerinden alýar.
Häzirki zaman dünýäsiniň çylşyrymly syýasy şertlerinde türkmen diplomatlarynyň öňünde örän jogapkärli wezipeler durýar. Olar diňe bir resmi resminamalaryň üstünde işlemek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň energetika, ulag we ekologiýa baradaky halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylmagy ugrunda irimsiz zähmet çekýärler. «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen ýörelge esasynda alnyp barylýan bu işler döwletimiziň halkara abraýynyň belentdiginiň aýdyň subutnamasydyr. Diplomatlaryň her bir gepleşigi, her bir gol çeken ylalaşygy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we halkymyzyň abadan durmuşda ýşamagyna goşant goşýar.
Bu hünär baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralar ýaş diplomatlar üçin hem uly mekdepdir. Olar uly nesliň tejribesini öwrenmek bilen, täze döwrüň sanly diplomatiýasynyň we köptaraply hyzmatdaşlygyň inçeliklerine aralaşýarlar. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň işgärleri dünýäniň dürli künjeklerinde Türkmenistanyň «parahatçylyk ilçileri» hökmünde çykyş edip, halkymyzyň asylly medeniýetini we dostlukly gatnaşyklara bolan gyzyklanmasyny tanyşdyrýarlar.
Jemläp aýtsak, 18-nji fewral — bu parahatçylyk üçin hyzmat edýänleriň, döwletleriň arasynda dostluk köprülerini gurýanlaryň we türkmen döwletiniň milli bähbitlerini dünýä derejesinde goraýanlaryň günüdir. Bu baýram Türkmenistanyň mundan beýläk-de halkara giňişliginde durnuklylygyň we ylalaşygyň merkezi hökmünde galjakdygynyň kepilidir.
Gurbanmyrat AŞYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.