Dark
Light
16.06.2026
bitarap neww THE ASHGABAT TIMES

Türkmen diplomatlarynyň hünär baýramy

18.02.2026

Her ýylyň 18-nji fewraly – diplomatik işgärleriň güni Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda 2009-njy ýyldan bäri bellenilip gelinýär. Bu sene türkmen diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine döwlet derejesinde goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Milli senenamamyzda orun alan bu hünär baýramynyň her ýyl ýokary derejede bellenilip geçilmegi, zähmetde tapawutlanan ilçilere «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň gowşurylmagy bu ulgama hemmetaraplaýyn üns berilýändiginiň güwäsidir.

Diplomatik işgärleriň hünär ussatlygy, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarmagy, olaryň maddy-tehniki üpjünçiligi, hukuklarynyň goraglylygy babatynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz hem her ýyl olar bilen duşuşyp, durmuş üpjünçiligi we maliýe babatdaky meselelerine üns berýär. 2025-nji ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bolsa hormatly Prezidentimiz «Diplomatik gulluk hakynda», «Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakynda» we «Konsullyk gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara gol çekdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň diplomatik gullugy kämilleşdirmek bilen bagly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär.

Türkmenistan döwletimiz özüniň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynda hut Milli Liderimiziň başlangyjy bilen giň dünýäde gyzgyn goldaw tapan «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini, «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen filosofiýany öňe sürýär. Biz muňa geçen ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň, 12-nji dekabrda Aşgabatda guralan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň, şeýle hem ýurdumyzda geçirilen halkara maslahatlaryň we olaryň jemleri boýunça kabul edilen resminamalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.

Döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyň üstüne örän jogapkärli wezipeler düşýär. Biz kämil hünärli, ylym-bilimden ýüki ýetik, ýokary ahlakly, watansöýüji, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize, ata Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly nesilleri ― milli diplomatiýamyzyň hünärmenlerini ýetişdirmekde mundan beýlägem yhlasymyzy gaýgyrmarys. Türkmen diplomatiýasyny ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kanun hukuk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Milli kanunçylygymyz kämilleşdirilýär

bilim okuwcs THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Zehinli ýaşlar – bagtyýar zamananyň guwanjy

Soňkylar Makalalar

Ylmy özgertmeler – geljegiň bähbidine

13.06.2026
Jemgyýetiň ösüşi hem-de durmuş ulgamynyň özgermegi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we

Çaga – geljegiň şuglasy

11.06.2026
Çagalar nesil dowamaty bolup, döwleti gülletjek hem-de ösdürjek, ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklaryny indiki nesillere ýetirjek geljekki şahsyýetlerdir. Olara berlen iň oňat terbiýe peşgeşi, şeýle-de körpeleriň
GitTop