Dark
Light
12.08.2026
kompoz THE ASHGABAT TIMES

Türkmen kinosynyň halkara üstünligi

25.02.2026

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeniýet ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu gün türkmen medeniýeti we sungaty parahatçylygyň, dost-doganlygyň hem-de medeni diplomatiýanyň iň täsirli guraly hökmünde dabaralanýar. Ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen Türkmenistanyň kino günleriniň çäklerinde türkmen milli kinematografiýasynyň halkara derejede uly ykrarnama eýe bolmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Kompozitor» atly filmiň TÜRKSOÝ-yň iki sany ýörite baýragyna mynasyp bolandygy ählimizi buýsandyrdy. Bu baýraklar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanyljak ösüşleriň we türkmen medeniýetiniň täze üstünlikleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Filmiň surata düşürilmegine ýakyndan ýardam eden Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bitiren uly hyzmatlaryny aýratyn nygtamak gerek. TÜRKSOÝ-yň bu asylly işe ýokary baha berip, gaznany «Goşa ganatly uly laçyn» atly baýrak bilen sylaglamagy türkmen halkynyň haýyr-sahawatlylyk ýörelgeleriniň halkara dabaralanmasydyr. Bu baýrak ýurdumyzda amal edilýän sogaply işleriň, ýaş nesilleriň zehinini açmaga we milli medeniýetimizi galkyndyrmaga gönükdirilen beýik tagallalaryň miwesidir. Gaznanyň hasabyna döredilen bu film haýyr-sahawatlylygyň sungat arkaly kalplara ýol tapýandygyny we dünýä halklarynyň arasynda medeni-ynsanperwer köprüleri gurýandygyny ýene bir gezek subut etdi.

Türkmen medeniýetiniň dünýä derejesinde dabaralanmagy ugrunda asylly işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

Aýna ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýyllarmyzda bedew bady, şygarymyz Watan şany

alkan THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Balkanabatda zehinli ýaşlaryň intellektual bäsleşigi geçirildi

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop