Dark
Light
18.07.2026
amerika baydagy THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan – ABŞ: döwletara gatnaşyklar ösdürilýär

25.02.2026

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran sapary diňe bir döwletara gatnaşyklaryň nobatdaky tapgyry bolman, eýsem, Türkmenistanyň dünýä derejesindäki parahatçylyk dörediji, deňagramly we öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň aýdyň beýany hökmünde şanly ýylymyzyň möhüm taryhy seneleriniň hataryndan orun aldy.

Hormatly Prezidentimiz: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýmek bilen, ýurdumyzyň dünýä döwletleridir abraýly halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmagy daşary syýasatymyzyň strategik wezipesi hökmünde kesgitledi. Şundan ugur alsak, Milli Liderimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran sapary häzirki döwrüň halkara gatnaşyklarynda aýratyn ähmiýete eýe bolan wakalaryň biridir.

Dostlukly ýurda saparynyň çäklerinde hormatly Arkadagymyzyň ABŞ-nyň tanymal syýasatşynaslary, işewürleri, meşhur amerikan kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny pugtalandyrmaga we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge oňyn ýardam eder. Bu duşuşyklar Türkmenistanyň ykdysady ösüş strategiýasyny halkara tejribeler bilen sazlaşdyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran şu gezekki sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Türkmen diplomatiýasyny ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gurbansoltan ALLABERDIŶEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kompoz THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen kinosynyň halkara üstünligi

mekdep baslangyc THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Başlangyç synplarda bilim-terbiýäni ösdürmegiň usulyýet esaslary

Soňkylar Makalalar

Ekologiýa we daşky gurşawyň abadançylygy

17.07.2026
Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran iň möhüm meseleleriň biri hem ekologiýa abadançylygydyr. Ykdysady ösüşleriň, şäherleşmegiň we tehnologiýalaryň çalt depginde ösmegi tebigata edýän täsirini hem güýçlendirýär.

Jana şypaly tebigat

17.07.2026
Biziň ýaşaýan we bizi gurşap alýan goja Zemin özüniň ajaýyp tebigaty, reňbe-reň pasyllary, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen gözeldir. Halk arasynda tebigata we durnukly

Suw – ýaşaýşyň gözbaşy

17.07.2026
Suw Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň we adamyň ýaşamagy üçin iň esasy zatdyr. Ol ýaşaýşyň gözbaşy hem-de bütin adamzat taryhynyň, medeniýetleriniň we siwilizasiýalaryň kemala

Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, bilimler çeşmesidir

17.07.2026
Ylym-bilim ojagynyň esasy binýady kitaphanalarda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin zerur şertleriň
GitTop