Dark
Light
14.03.2026
amerika baydagy THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan – ABŞ: döwletara hyzmatdaşlygyň binýady

22.02.2026

Türkmenistany hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri bu dialog yzygiderli ösdürilip, syýasatdan we ykdysadyýetden başlap, işewür hyzmatdaşlyga çenli ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran sapary, onuň barşynda geçirilen netijeli duşuşyklar muňa bütin aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

Ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda amala aşyran saparynyň çäklerinde «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşandygyny bellemek gerek. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň, dynç alyş ulgamynyň we syýahatçylygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini, şunuň bilen baglylykda, bu ugurda häzirki zaman düzüminiň döredilendigini aýtdy. Munuň özi ýurdumyzda ählumumy durnukly ösüşiň strategik ugry hasaplanýar.

«Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşygynda Milli Liderimiz häzirki döwürde iki ýurduň işewür düzümleriniň bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklaryny belledi we netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenendigi bellenildi. 

Dostlukly ýurda saparynyň çäklerinde hormatly Arkadagymyz ýurduň tanymal syýasatşynaslary, işewürleri bilen duşuşdy. Işewürler Stiw Winn, Aýzek Perlmutter, «Oxbow Group» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Wilýam Koh bilen duşuşygynda Milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny aýtdy. Şeýle hem köp sanly amerikan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barýandyklary, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran sapary netijeli we işjeň geçen duşuşyklara, gepleşiklere baý boldy. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin açykdygynyň aýdyň güwäsidir. Bu saparyň jemleri Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm sahypany açar.

Gülşat HAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga 25 oyun THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hereketli oýunlar – sagdyn nesliň binýady

asgabat saher THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Al-Arabiýa»: halkara giňişlikde Watanymyzyň abraýy

Soňkylar Makalalar

Sanly Ulgam-Döwrebap Ösüşiň Şerti

13.03.2026
XXI asyrda ykdysadyýetiň we jemgyýetiň ösüşiniň esasy şertleriniň biri sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagydyr. Sanly tehnologiýalar diňe bir işleriň netijeliligini artdyrman, eýsem döwrebap jemgyýetiň gurluşyny

Parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen

13.03.2026
Mälim bolşy ýaly, 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy giňden belleniljek şu ýylda öňde durýan belent maksatlara ýetmek ugrunda

Emeli aň – XXI asyryň trendi

13.03.2026
Emeli aň, adama mahsus tebigy aňdan tapawutlylykda, enjamlaryň (ýa-da kompýuterleriň) görkezýän düşünjeli hereketlerini aňladýar. Häzirki döwürde emeli aň biziň durmuşymyza giňden ornaşyp, bu tehnologiýadan

Halkymyzyň uçar ganaty

13.03.2026
Ahalteke bedewlerimiz — halkymyzyň uçar ganaty, ösüş-özgerişlerimiziň nyşany, ata-babalarymyzyň janly mirasydyr. Şoňa görä-de, parahatsöýüji Watanymyzyň ösüş ýolunyň «bedew batly ösüşler» diýlip beýan edilmeginde uly

Ýaşlar dialogy pugtalandyrylýar

13.03.2026
Mälim bolşy ýaly, ýaşlar häzirki zaman dünýäsinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde aýratyn orun eýeleýärler. Milletler Bileleşigi ýaşlaryň
GitTop