Dark
Light
18.07.2026
bba THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda akademiki hyzmatdaşlyk giňeldilýär

28.02.2026

2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde bilim, ylym we hünärmenleri taýýarlamak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda:

  • Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «AQA Assessment Services» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «Pearson» milli kompýuter ulgamlarynyň arasynda başarnyklar, sertifikatlaşdyrmak we hünär derejelerini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Norwiç dil bilimi institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri bilen «Nottingham Trent» uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Gol çekilen resminamalar akademiki hyzmatdaşlygy giňeltmäge, häzirki zaman bilim standartlaryny ornaşdyrmaga hem-de iki ýurduň bilim we ylym edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ene mahri THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi

yaslar sanly ulgam 25 new THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilim – güýç, beýiklik – netije

Soňkylar Habar

Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

17.07.2026
Tbiliside hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Bu giň gerimli döredijilik çäresi ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň täze

Tbiliside Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi

17.07.2026
Tbilisi şäherindäki «Ekspo Georgia» sergiler merkezinde hormatly Prezidentimiziň döwlet saparyna gabatlanyp, Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.
GitTop