Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 11 — 13-nji fewraly aralygynda geçirilýän Çagalar zähmetini ýok etmek boýunça altynjy Bütindünýä maslahatyna gatnaşýar. Bu halkara çäresi Halkara Zähmet Guramasynyň hem-de Marokkonyň Hökümetiniň hemaýat bermeginde guralýar.
BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň berýän maglumatyna görä, maslahatyň dowamynda ýokary derejeli umumy mejlisler we tematiki ara alyp maslahatlaşmalar geçiriler. Şeýle hem maksatnama tejribe alyşmaga, täze we netijeli usullary işläp düzmäge hem-de çagalaryň bilimi we durmuş goraglylygy babatda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen ýörite çäreleri öz içine alýar.
Türkmenistanyň bu abraýly foruma gatnaşmagy ýurduň halkara derejesindäki ornunyň barha berkeýändiginiň subutnamasydyr. Bu ädim döwletiň ynsanperwer gymmatlyklary öňe sürmäge we dünýä bileleşigi bilen konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmäge ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklaýar.