Dark
Light
09.08.2026
hzg THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan – Halkara zähmet guramasy: zähmet gatnaşyklarynyň tejribesi

22.02.2026

Halkara zähmet guramasy, HZG (International Labour Organization, ILO) – zähmet gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak meseleleri bilen meşgullanýan BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasydyr. 187 döwlet guramanyň agzasydyr. Halkara zähmet guramasy 1919-njy ýylda Wersal parahatçylyk ylalaşygy esasynda döredildi. Guramanyň maksatlary we wezipeleri onuň Tertipnamasynda beýan edilen. 1920-nji ýyldan bäri bu halkara guramasynyň edara binasy Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýär.

HZG-niň işi üç taraplaýyn esasda, ýagny işgärleriň, iş bilen üpjün edýänleriň we hökümetiň wekilçiliginde alnyp barylýar. Onuň ýokary edarasy Halkara zähmet konferensiýasy bolup, onda guramanyň ähli resminamalary kabul edilýär. Halkara zähmet konferensiýasy umumy zähmet we durmuş meselelerini hem-de halkara zähmet kadalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin bütindünýä gurultaý bolup hyzmat edýär.. Ol guramanyň umumy syýasatyny kesgitleýär. Her iki ýyldan geçirilýän Konferensiýa HZG-niň iki ýyllyk iş maksatnamasyny we býujetini kabul edýär. Halkara zähmet guramasy zähmet meselelerine bagyşlanan Konwensiýalary we Hödürnamalary kabul edýär.

HZG-niň konwensiýalary binýatlyk, ileri tutulýan we tehniki görnüşlere bölünýär. 1944-nji ýylda ABŞ-nyň Filadelfiýa şäherinde geçirilen Halkara zähmet maslahatynda Halkara Zähmet Guramasynyň umumy maksatlaryny hem-de wezipelerini kesgitleýän Filadelfiýa jarnamasy kabul edildi. Bu Jarnama guramanyň Düzgünnamasynyň möhüm düzüm bölegine öwrüldi. 1998-nji ýylda HZG-niň ýene-de bir Jarnamasynyň kabul edilmegi bilen, Düzgünnama bileleşme erkinligi we köpçülikleýin gepleşikleriň geçirilmegine bolan hukuk; zähmet gatnaşyklarynda kemsidilmeleriň gadagan edilmegi; mejbury zähmeti ýok etmek; çaganyň zähmetini ulanmagy gadagan etmek ýaly 4 sany esasy ýörelge girizildi. Bu ýörelgelerden HZG-niň 8 sany binýatlyk konwensiýasy gelip çykýar. Türkmenistanyň olaryň ählisine goşulandygyny bellemek gerek.

Halkara Zähmet Guramasy adamlary mynasyp iş orunlary bilen üpjün etmek arkaly mynasyp zähmetiň gazanylmagy, hemmeleriň deň şertlerde iş bilen üpjün edilmeginiň hem-de jemgyýetiň durmuş taýdan goraglylygyny kämilleşdirmegiň hasabyna durmuş adalatlylygynyň berkarar edilmegi ugrunda çykyş edýär. Bu başlangyç parahatçylygyň, jemgyýetde asudalygyň hem bagtyýar durmuşyň üpjün edilmeginiň möhüm şerti hökmünde häsiýetlendirilýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýä ýurtlarynda amala aşyrylýan syýasatyň ykdysady we maliýe çygyrlarynyň iş bilen üpjünçilik ulgamyna edýän täsirini öwrenmek HZG-niň esasy wezipesine girýär.

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Halkara Zähmet Guramasyna agza boldy hem-de onuň 11 sany konwensiýasyny tassyklady. Ýurdumyz konwensiýalardan gelip çykýan borçnamalara ygrarly bolup, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýar. Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinde, Zähmet kodeksinde, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we beýleki kanunçylyk namalarynda HZG-niň konwensiýalaryndan gelip çykýan kadalar öz beýanyny tapdy. Hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi gurama tarapyndan ykrar edilýän «Hemmeler we her kim üçin mynasyp zähmet we durmuş adalatlylygy» atly ýörelgäni üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.

Gülsün KERIMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

asgabat saher THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Al-Arabiýa»: halkara giňişlikde Watanymyzyň abraýy

34243435 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi ylmy barlaglar hem-de innowasiýalar boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýär

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop