Dark
Light
10.07.2026
bb1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan we Beýik Britaniýa ylym hem-de medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

27.02.2026

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Birleşen Patyşalyga saparynyň meýilnamasynyň aýratyn bölümi London uniwersitet kollejiniň (UCL) Arheologiýa institutynyň professory Timoti Wilýams bilen duşuşyk boldy. Onuň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL-niň Arheologiýa institutynyň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

bb2 THE ASHGABAT TIMES

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen tarapy Timoti Wilýamsyň Türkmenistanyň arheologik mirasyny, aýratyn-da, gadymy Merwi öwrenmekde we durkuny saklap galmakda goşan köpýyllyk goşandyny belläp geçdi. Şeýle hem bilelikdäki ylmy barlaglaryň hem-de muzeý we sergi hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL-niň Arheologiýa institutynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, bilelikdäki ekspedisiýalary geçirmäge, ylmy barlaglary ösdürmäge we hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen Ylalaşyga gol çekildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dsc07766 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

das1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Beýik Britaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop