Dark
Light
05.10.2026
yunesko turkmenistan THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan – ÝUNESKO: ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň binýady

18.02.2026

Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, bu ugurda halkara standartlaryna laýyk gelýän täzeçil usullary ornaşdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bu asylly maksatlara ýetmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk täze taryhy eýýamda has-da işjeň häsiýete eýe boldy. Bu gatnaşyklar diňe bir medeni mirasy gorap saklamak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň intellektual kuwwatyny halkara derejesinde tassyklamak üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýär.

Bilim ulgamynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň iň görnetin netijeleri ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki we usulyýet binýadynyň kämilleşdirilmeginde öz beýanyny tapýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň we ÝUNESKO klublarynyň açylmagy we umumybilim berýän mekdepleriň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna goşulmagy, ýaş nesliň dünýä derejesindäki bilim meýilnamalaryna elýeterliligini üpjün edýär. Bu başlangyçlar talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň halkara ylmy maslahatlara gatnaşmagyna, tejribe alyşmagyna hem-de döwrebap sanly bilim tehnologiýalaryny özleşdirmegine giň ýol açýar.

häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmegi milli bilim ulgamynyň we türkmen ylmynyň depginli ösüşlerini, giň mümkinçiliklerini dünýä ýaýýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralary döredildi.  Bu babatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylygyň dilleri», Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň medeniýeti», Türkmen oba hojalyk institutynda «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO klublarynyň açylmagy hem uly ähmiýetlidir. Olar ÝUNESKO-nyň beýik maksatlaryna eýerýän we gyzyklanma bildirýän talyplardyr professor-mugallymlaryň birleşmesidir.

Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk innowasiýalar we ýokary tehnologiýalar bilen has-da baýlaşdyrylýar. Ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmak, sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri kemala getirmek we dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen durnukly gatnaşyklary saklamak Türkmenistan ― ÝUNESKO hyzmatdaşlygynyň geljekki strategik ugurlarydyr. Netijede, bu bilelikdäki işler ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatynyň durnukly ösüşiniň girewi bolup, Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam berýär.

Aýnura JUMAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň II ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim okuwcs THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Zehinli ýaşlar – bagtyýar zamananyň guwanjy

caga 25 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Çagalaryň irki terbiýesi üns merkezinde

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop