Dark
Light
12.09.2026
mid 3 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistandaky halkara guramalaryň wekillerine döwlet sylaglary gowşuryldy

11.02.2026

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalarynyň wekillerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady we halkara guramalarynyň wekillerine döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Ýokary döwlet sylaglaryna Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan mynasyp boldular.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 20260210 124653 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

soltan nakgas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Şekillendiriş sungatynda taryhy ýadygärlikleriň beýany

Soňkylar Habar

GitTop