Dark
Light
17.06.2026
7a8e38c24d3647b2 1770872346 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň awtomobil ulaglary pudagynda täze gatnawlar we ösüşler

12.02.2026

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň awtoulag düzümi dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalary bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Bu bolsa gatnaw ugurlarynyň sanyny artdyrmaga, ýolagçylara ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmäge giň mümkinçilik döredýär. Täze awtoulaglaryň hyzmatda bolmagy Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň ýaşaýjylary üçin ulag hyzmatlarynyň howpsuzlygyny hem-de oňaýlylygyny üpjün edýär.

Häzirki wagtda pudakda innowasiýa usullaryny ornaşdyrmak, hyzmatlaryň görnüşini artdyrmak we hünärmenleriň iş şertlerini gowulandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Täze gurulýan döwrebap obalarda we şäherçelerde ilatyň isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen, täze şäheriçi, şäherýaka we şäherara awtobus gatnawlary yzygiderli açylýar.

Täze açylan ugurlar. Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň gatnawlaryny has-da aňsatlaşdyrmak maksady bilen, aşakdaky ugurlar boýunça täze awtobus gatnawlary ýola goýuldy:

«Balkanabat — Aşgabat», «Bereket — Aşgabat» we «Gyzylarbat — Aşgabat».

Bu başlangyçlar ilatymyzyň bellenen ugurlar boýunça wagtyny tygşytlamagyna we has oňaýly şertlerde menziline ýetmegine hyzmat eder. Pudagyň maddy-tehniki binýadynyň berkidilmegi diňe bir işiň netijeliligini däl, sürüjileriň iş we durmuş şertlerini hem düýpli özgerdýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

698c260a839d5536605490 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türk dünýäsinde teatr sungatyna goşan goşandy üçin sungat ussatlary Stambulda sylaglandy

🇩🇪🤝🇰🇿🤝 🇰🇬 🤝🇹🇯🤝 🇹🇲🤝 🇺🇿 starke partner in bewegten zeiten bundesprasident steinm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Germaniýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlary hereketli döwürde strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Berlin­de duşuşdy

Soňkylar Habar

GitTop