Dark
Light
12.08.2026
yb bank THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň daşary işler ministri Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi

26.02.2026

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar maliýe-maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministr R.Meredow ykdysady ösüş strategiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge, şol sanda abraýly maliýe institutlary we karz-bank düzümleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda ýurduň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti nygtaldy.

Bankyň prezidenti ýolbaşçylyk edýän maliýe düzüminiň özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Halkara Gündogar–Günbatar ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy bu ugurda başlangyçlara gatnaşmak boýunça Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bellenildi. Bu babatda durnukly energetika ulgamynda durmuşa geçirilýän taslamalara Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

germaniya forum THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa – Merkezi Aziýa forumy guraldy

108267294 1771506727822 gettyimages 2261841364 social media trial THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Instagram ýetginjekleriň howply gözlegleri boýunça ene-atalara duýduryş ugradyp başlaýar

Soňkylar Habar

12-nji awgust – Hazar deňziniň güni

12.08.2026
Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni bellenilýär. Bu halkara sene Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak, onuň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak
GitTop