Dark
Light
18.07.2026
azer mid THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

28.02.2026

2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşygy boldy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejededigini nygtadylar. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň halklarynyň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä eýe boldy.

Ikitaraplaýyn dialogy giňeltmekde, sebit we halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça özara düşünişmekde, şeýle hem halkara düzümleriň çäklerindäki başlangyçlary özara goldamakda ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň möhüm orny bellenildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Hususan-da, taraplar ulag-logistika gatnaşyklaryny berkitmek, multimodal ulag geçelgelerini giňeltmek we serhetüsti amallary ýönekeýleşdirmek barada maslahatlaşdylar, bu bolsa ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin amatly şertleri döredýär. Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň özara gatnaşyklarynda medeniýet, ylym, bilim we sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk möhüm orun tutýar.

Diplomatlar halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi berkitmek üçin bilelikdäki çäreleri geçirmegiň, döredijilik alyşmalarynyň we bilim başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtadylar. Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ähli esasy ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar we ýurtlaryň arasyndaky konstruktiw we yzygiderli dialogyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1765315764659 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Galkynyş» ­- döwrümiziň ganaty

dip surat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Diplomatik protokol boýunça gysga möhletleýin okuw tamamlandy

Soňkylar Habar

Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

17.07.2026
Tbiliside hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Bu giň gerimli döredijilik çäresi ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň täze

Tbiliside Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi

17.07.2026
Tbilisi şäherindäki «Ekspo Georgia» sergiler merkezinde hormatly Prezidentimiziň döwlet saparyna gabatlanyp, Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.
GitTop