Dark
Light
14.03.2026
zgahkc4mmkiajw6y4pdtmtpulfbgn7 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň we Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

24.02.2026

2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Zimbabwe Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Taraplaryň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew hem-de Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda boýunça Hemişelik sekretary Albert Ranganaý Çimbindi ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik dialogy işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi. Taraplar ýokary we iň ýokary derejedäki aragatnaşyklary ösdürmegiň, daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geňeşmeleri geçirmegiň, şeýle hem parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Taraplar halkara düzümleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge hem-de köptaraplaýyn meýdançalarda başlangyçlary özara goldamaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Mundan başga-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, oba hojalygy, dokma senagaty we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň, bilelikdäki biznes-forumlary guramagyň we sergi-ýarmarka çärelerine gatnaşmagyň maksadalaýykdygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer ugurda taraplar bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem özara medeni çäreleri guramaga we degişli edaralaryň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda Teswirnama gol çekdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ftqf6fjzful7s4y9b1x0fwfhxa0qxw 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýyllarmyzda bedew bady, şygarymyz Watan şany

Soňkylar Habar

GitTop